DÜNÝÄ

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylap güni Aşgabatda bellendi

Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni ýurduň çäginde hem-de daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda giňden bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de onuň maşgalasy kabul edişlik çäräsini gurnady.

Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Aşgabatdaky daşary ýurt ilçileri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de metbugat wekilleri gatnaşdy. Dabaraly çäre “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda geçirilen dabarada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdiler.

Eýranyň ilçisi öz çykyşynda öz ýurdunyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri, şol sanda, ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary barada durup geçdi.

Şeýle hem ilçi goňşy döwletler, hususan-da Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň Eýranyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Ilçi Ali Mojtaba Ruzbehani öz çykyşynda soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlaryň hem-de ykdysayd hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Dostlukly ýurduň ilçisi 2025-nji ýylda hem özara saparlaryň hem-de hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisleriniň geçiriljekdigini we olarda gazanyljak ylalaşyklaryň türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Eýranyň ýolbaşçy düzümini Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministr türkmen-eýran gatnaşyklaryň ähli ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigine ünsi çekip, 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýrana saparynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2023-nji ýylyň maýynda we 2024-nji ýylyň awgustynda Eýrana amala aşyran saparynyň, şeýle hem geçen ýylyň oktýabrynda Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.

Resmi çykyşlardan soňra dabara gatnaşyjylara hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri

Tusk: Polşa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurduna öwrüler

Türkmenistanyň wekiliýeti Tährandaky üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Gwatemala Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär