DÜNÝÄ

Tusk: Polşa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurduna öwrüler

Polşa diňe bir öňdebaryjy Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň yzyndan ýetmek bilen çäklenmän, eýsem olardan öňe geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Donald Tusk belledi.

Onuň bellemegine görä, 2025-nji ýylda Polşa 650 milliard zlot (155 milliard ýewro) möçberinde maýa goýumlary özleşdirmegi maksat edinýär. Şeýlelikde, Polşa Ýewropa sebitinde logistika, “ýaşyl” energetika we emeli aňda öňdäki orunlary eýelemegi meýilnamalaşdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, Warşawa diňe bir öňdebayrjy günbatar ykdysadyýetli ýurtlaryň yzyndan ýetmek bilen çäklenmän, eýsem olardan öňe saýlanmagy göz öňünde tutýar.

Bu barada Warşawa birža gaznasynda çykyş eden, ozalky Ýewropa geňeşiniň başlygy, häzirki wagtda Polşanyň Premýer-ministri wezipesini alyp barýan Donald Tusk belläp geçdi.

Maýa goýumlary Polşanyň demirýol toruny ösdürmäge, “ýaşyl” energetika we emeli aň ulgamlaryna gönükdiriler. Ýakyn wagtda ýurduň hökümeti “Microsoft” we “Google” kompaniýalary bilen gepleşikler geçirip, amerikan kompaniýalarynyň maýa goýumlary boýunça anyk netijeler gazanar.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler