2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasy – «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Addis Abebada geçirilen partiýanyň ikinji gurultaýyna gatnaşdy.
Gutlag sözi bilen çykyş eden Türkmenistan Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşyjylary partiýanyň alyp barýan syýasy işleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Efiopiýa tarapyny Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Efiopiýanyň «Rowaçlyk partiýasynyň» arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilklerine garamaga çagyrdy.
Gurultaýyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçylarynyň arasynda gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda türkmen tarapy partiýanyň wekillerini çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Misganu Arga Moaç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermek barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda Döwlet ministrine Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek foruma resmi çakylyk gowşuryldy.
Saparyň dowamynda Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske-Selassiýe Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Efiopiýanyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirildi.
Efiopiýanyň Prezidenti jogap hökmünde özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.