DÜNÝÄ

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde aýdym-saz ugrunyň “Oskary” hasaplanýan “Gremmi” baýragynyň 67-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada “Ýylyň albomy” baýragyna mynasyp bolan Beýonse ilkinji gezek dabaranyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Umuman, 67-nji “Gremmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda Beýonse bilen Kendrik Lamar üstünligi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

“Cowboy Carter” aýdymy bilen “Ýylyň albomy” baýragyny gazanan Beýonse XXI asyrda bu baýraga mynasyp bolan ilkinji garaýagyz zenan aýdymçy boldy.

Şeýle hem Beýonse “Gremmi” baýragynyň taryhynda iň köp baýrak gazanan hem-de iň köp baýraga dalaşgär görkezilen aýdymçylaryň biridir. Onuň gazanan bu baýragy 35-ä deň boldy.

Dabarada “Ýylyň aýdymy” hem-de “Ýylyň ýazgysy” ugry boýunça baýragyna bolsa, Kendrik Lamar mynasyp boldy.

 

Related posts

Türkmenistanyň we Malaziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkiýeli astronawtlar älem giňişligine çykar

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar