SPORT

Röwşen Meredow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory wezipesine bellenildi

Futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory wezipesine bellenildi.

Futbol ýoluny 1999-njy ýylda Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynda başlan R.Meredow dürli ýyllarda “Dagdan”, “Galkan”, “Ahal” hem-de “Ýedigen” toparlarynda çykyş etdi.

Futbol maşgalasyndan bolan R.Meredow karýerasyny tamamlanyndan soň tälimçilik ýoluny saýlap aldy.  PRO derejeli tälimçilik şahadatnamasy bolan R.Meredow 2013 – 2020-nji ýyllaryň aralygynda paýtagtymyzyň “Ýedigen” hem-de Ahal welaýatynyň “Ahal” toparlaryna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky toparlar dürli ýyllarda ýurdumyzyň çempionatynda baýrakly orunlary eýeledi. 2017-nji ýylda “Ahal” topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.

R.Meredowyň tälim berýän “Ýedigen” toparynyň 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynda ýeňiş gazanandygyny aýratyn bellemek gerek.

Tejribeli tälimçi 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde Özbegistanyň “Kyzylkum”, 2022-nji ýylda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň “Kaganat” toparlaryny türgenleşdirdi.

2020-nji ýyldan häzirki wagta çenli FIFA-nyň GFD (Global futbol ösüşi) bölüminde tehniki eksperti wezipesinde işleýär. Ol bu wezipede dünýä belli futbol hünärmeni Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda zähmet çekýär.

Related posts

“Arkadag” topary uly hasaply ýeňiş gazandy

“El Klasiko”: “Barselona” “Realy” ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Futbolçy zenandan täze rekord