DÜNÝÄ

Saud ösüş gaznasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

2024-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Taraplar saud maýasynyň gatnaşmagyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suw we oba hojalygy, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamlaryndaky geljegi uly bolan taslamalary gözden geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda bu kesgitlenen ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Bilelikdäki hereketleriň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze derejä çykmagyna itergi berjekdigine ynam bildirip, söhbetdeşler gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy