JEMGYÝET

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

Türkmenistanda Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy. 23-30-njy dekabry aralygynda ýolagçylar paýtagtymyz Aşgabat bilen ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň arasynda ýola goýlan otly gatnawlaryndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu barada “Orient” neşirinde habar berilýär.

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça 23-30-njy dekabr aralygynda goşmaça gatnawlar amala aşyrylar. 23-nji, 25-nji 27-nji we 29-njy dekabr aralygynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça 2 otly gatnawy ýerine ýetiriler, birinjisi 11:20-de, ikinjisi 22:25-de ugrar. Beýleki günlerde, ýagny 24-nji, 26-njy, 28-nji we 30-njy dekabr aralygynda bolsa 16:50-de bir gatnaw ýerine ýetiriler.

1

Şeýle çäreler dynç alyş möwsüminde ýolagçy gatnawynyň köpelmegi bilen baglanyşykly edildi we Täze ýyl dynç alşyny maşgala we dostlary bilen geçirmek isleýän raýatlaryň gatnawyny aňsatlaşdyrmak üçin döredildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi “Tokio Marafon ̶ 2025” çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň Emirini halkara foruma çagyrdy

Täze häkimler wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazak Lideri Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar