JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky maslahatynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy.

Saud Arabystanynyň neşiriniň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri 3-nji dekabrda «Bir bitewi suw» sammitiniň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda iş ýüzünde häzirki zaman suw tygşytlaýjy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, toplumlaýyn tebigaty goraýyş çäreleriniň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebit döwletleri bilen suw serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen bagly alnyp barylýan işlere hem ünsi çekidi. Şeýle-de suw meselesi we ondan netijeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi we birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy