DÜNÝÄ

Özbegistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Özbegistanyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabada bardy. Bu barada özbek metbuagty habar berýär.

Ol 2020-24-nji ýyllarda Oliy Mejlisiniň Senatynyň Halkara gatnaşyklary, daşary ykdysady gatnaşyklar, daşary ýurt maýa goýumlary we syýahatçylyk komitetiniň başlygy wezipesini amala aşyrdy.

58 ýaşyndaky ilçi Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehniki uniwersitetinde, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda, şeýle hem Jorjtaun uniwersitetinde (ABŞ) bilim aldy.

Rawşanbek Alimow 2002-2088-nji ýyllarda Özbegistanyň Ukrainadaky, şol bir wagtda Moldowadaky, şeýle hem Fransiýadaky we şol bir wagtda Portugaliýadaky ilçisi wezipelerinde işledi.

2020-nji ýylda senatorlyga saýlandy we Oliý Mejlisiniň Senatynyň komitetinde işledi.

Rawşanbek Alimow 2016-2024-nji ýyllarda Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçisi wezipesinde işlän Akmal Kuçkarowyň ornunda işlär.

Ilçi Rawşanbek Alimow iňlis, fransuz, rus we ukrain dillerini bilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri