DÜNÝÄ

Azerbaýjanda СOP-29 halkara howa maslahaty başlaýar

Şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (СOP-29) öz işine başlaýar.

Azerbaýjanda СOP-29 sammitini geçirmek baradaky çözgüt 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen COP-28 maslahatynyň plenar mejlisinde kabul edilipdi.

Howa maslahaty 11-22-nji noýabr aralygynda geçiriler. Bu halkara maslahat üçin Baku şäherinde 70 müňe golaý daşary ýurtrly myhman gelýär.

СOP-29 sammiti 11-nji noýabrda açylýar. 12-13-nji noýabrda bolsa, dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki plenar mejlis geçiriler. Onda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň 80-e golab döwlet we höükmet Baştutanlary çykyş eder.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň esasy maksady tutuş dünýäde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda gazanylýan öňegidişliklere baha bermekden ybaratdyr.

1990-njy ýyllaryň ortalarynda bu maslahatda ösen ýurtlaryň howa goýberýän parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Kioto teswirnamasy ara alnyp maslahatlaşylýardy.

2011-2015-nji ýyllarda bolsa, 2015-nji ýylda Fransiýada kabul edilen Pariž ylalaşygy hökmünde atlandyrylan we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça kabul edilen halkara resminama pikir alşyldy. Häzirki wagtda dünýäniň 195 ýurdy bu ylalaşyga goşuldy.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär