HEKAÝALAR

Saz (hekaýa)

Obamyz onuň çalýan sazyny gowy görerdi. Men bolsa oň saz bilen bagly aýdýan gussaly gürrüňlerini. Hasam meni heýjana salýan öz agasyny halas etmek üçin Şükür bagşynyň ýalňyz özüniň dutaryny gujaklap ala daglardan aşmagy hakdaky gürrüňi.

         Meniň o wagtlar oglan başym saz diýlen zat häki bir toý-tomguda çalynýan güýmenjedir öýderdi. Ýöne men bagşynyň gürrüňini diňledigimçe top-tophananyňam çözmesi kyn bolan uly meselesini garypja dutaryň çözüp gaýdandygyna soň-soňlar oturyp-oturyp haýran galardym. Sazanda bolsa oturanlaryň ýüzüne birlaý serederdi-de, geçmiş asyrlaryň jümmüşine siňip şeý diýerdi: “Onsoň ol dutaryny gujaklap, niredesiň agam diýip ala garlardan aşyp gidiberipdir. Öňde bolsa oňa durmuş diýlip atlandyrylýan düýpsiz derýa garaşýar. Ykbalyň hanjak gopjagyny bolsa bir Alla bilýär”.

         Sazanda şu gürrüňleri garaja öýüň sal-sal bolup giden durlugydyr üzüginiň arasyndan okaýan ýaly olardan gözüni aýyrman gürleýärdi. Oturanlaram jyňkyny çykarman kimsi keçäniň gülüni tüýtmeleýärdi, kimsem çokaýynyň oltagyny  dyrmalaýardy. Sebäp olaryň ýüzleri birmeňzeş dälem bolsa, pikirleri birdi – saz gudratynyň edýän täsiridi. Şonuň üçin oturanlar käte biri-biriniň ýüzüne seredişip uzak ýola ýoldaş bolan adamyň öz hemrasynyň ýüzünden many alşy ýaly üm bilen düşünişýärdi. Hatda Göwher gelnejemiň aglak bäbegem sazandanyň sözüne päsgel bermejek bolýan ýaly kemtersindn emmesinem soranokdy. Baltak janawerem obamyzyň bir adamy ýaly äpet kellesini ikii aýagynyň arasyna goýup saza düşünýän ýaly gözlerini süzýärdi.

         Sazanda bolsa rowaýat kysmy gürrüňlerini aýdyp bolandan soň mähetdel etmän Şükür bagşynyň çalan sazyny çalyp hasam gussaly ýagdaýa düşýärdi. Arasynda-da burnuna salyp çalaja hiňlenýärdi. Şonda tamdyranyň pedreleri   onuň şol hiňlenmesini ýene düşnükli edip gaýtalaýardy. Ahyram saz garaja öýüň içinde pyrlanyp-pyrlanyp, tüýnükden zowwam çykýardy-da, sähralaryň içine siňip gidýärdi.

         Şonda men ertekileriň, has dogrusy sazyň döreýän ýerine barýan ýaly gorkuly ädimler bilen ýitirim çöle tarap ümdüzine utduryberesim gelýärdi.

         Soň ikinji sazyň çalynmazyndan öň sazanda öz gürrüňine başlardy. Ol ony bada-bat aýtmazdy. Maňlaýyny dutaryň sapyna diräp kimdir birine garaşýan ýaly esli salym oturardy-da: “Ýör gideli Aýnam mundan” diýen sözi kynlyk bilen agzyndan çykarandan hemmäniň gözüniň öňünde söýgi bilen Watan janlanardy. Onsoň her kim özüçe pikir edip, tereziniň haýsy tarapynyň agyrdygyny “kädisinde” saldarlardy. Ol-a göbek ganyň daman ýeri, oda Alanyň adamzada peşgeş eden iň ajaýyp sowgady. Soňam sazanda şeý diýerdi: “Oglan ilki obasyna, soňam gyzyň ýüzüne garap şeý diýýär: “Takdyryňdan närza bolup ýaşa doldurma gözüň…”.

         Onsoň hemmäniň gözüniň öňüne Watandan jyda düşen oglan bilen gyzyň söýgüsi janlanardy. Öň söýgüniň ýodasyndan ýörän adam-a çal başyny çalaja yrardy. Söýgüsi şowlamadyklaram birwagtky gyzyň bütin ömrüne ýoldaş bolan ýekeje bakyşyny ýadyna salardy.

Onsoň men sazandanyň şol gürrüňlerini diňläp saz ilki döreýärmikä ýa onuň gussaly, şonuň ýalam gyzykly gürrüňlerimikä diýip pikire batardym. Oglan göwnüme hamana şeýle kysmatdan soň saz öz-özünden döreýän ýaly bolardy.

         Şol gezekki saz çalnyşyk bolsa ýeke bir saz diňläp oturanlary hasrata salman, heniz kürteden çykmadyk gelnem gozgalaňa salypdy. Sazanda hamana çalyp oturan sazynyň gapdalynda bir zat ylgap barýan ýaly bar ünsüni köneje tamdyrasyna berip, barmaklaryny perdeleriň üstünde gezdirýärdi. Haçan-da ol sähralary, asmandaky durnalaryň çagyryjy seslerini, göze görünmeýän torgaý guşuň jürküldisini, ene hüwdüsini perdeleriniň arasyna sygdyranda heniz  kürtedenem çykmadyk aňyrsyny bakyp oturan gelnem gozgalaňa saldy. Haçan-da sazanda şirwan perdä ýetende özi bilmezden ýerinden galyp “Obamyz ýüregime düşýär, obamy göresim gelýä” diýip zörledende adamlar ondan birjigem geň görmändi. Sebäp, oturanlaňam haly şoňkudan gowy däldi. Olaram ýene çalaja yralasaň şumjarmany hiçzatça görjek däldi. Bi köneje dutaryň edýän oýnudy.

         Soň sazanda indiki ýola sazyny çalynça obamyz onuň öňki aýdyp beren gürrüňleriniň täsiri bilen ýaşaýardy. kölegede oturyp olar biri-birine “Gara zaluwadyň edäýen oýnuny” diýşerdiler. Ýene birem eýlesi-beýlesi ýedi garyş gara gazmanyň edýän täsiri hakynda aýdardy. Has ýüregi böküp duranlar bolsa “Bar zady jähennem edip sazyň yzyna düşesiň gelýä” diýerdi.

         Olaryň o diýýäniniňem jany bardy. Meniňem bar küýüm-köjäm sazandanbyň beren gürrüňlerindedi.

         Soň ýene üýşülerdi. Indi gara gazma başga hörpden gopup Göroglynyň Gyraty bolup kişňärdi. Käte-de gelinleriň hüwdüsine öwrülip bozgun sähralaryň ysyny alyp gelerdi. Käte bolsa ýüregini paralaýan garabagyr eneleriň boz maýa ýaly bozlaýşyny ýada salardy.

         Ondan bäri kän-kän ýyllar geçdi. Ýetmişinji ýylyň gary başyma sepelendi. Bu gün men indi hiç haçan gaýdyp gelmejek oglan aýak yzlarymy görmek üçin obama hyýallandym.

         Ýol uzak, ýatlamalar ondanam uzak. garran süýýekler her ädimde özüniň birneme kuwwatynyň gidendigini aýdýar. Ýalňyz ýüregiňe teselli berýän zat gumaksam bolsa agyr ýollaryň obama barýanlygy.

         Obam meni birwagtky diňlän sazym ýaly gussaly garşy aldy. sebäp şol sazanda süýji ýatlamasyny hemem obamyzyň tukat durmuşyny obadaşlaryma galdyryp, daňdanky ýyldyzyň öçüp gidişi ýaly giden eken.

Men sazandaň ruhuny ýatlamaga baramda gözüme ilki eglenen zat onuň köneje dutary boldy. Men usul bilen dutary gabyndan çykardym. Göwnüme bolmasa dutaryň gasyn siňen gaby bile ýaşlygymam gaýdyp geläýjek ýaly boldy. Dutary men ezber çalmasamam ýoluny saýgarýardym. Ilki ýadyma düşen zat Şükür sazandanyň agasyny soraglaýşy boldy. Soňam ol durmuşy bilen şeýle setirlere öwrüldi.

Haýwana-ynsana belli ýatagy,

Guşa – höwürtgesi, towuga – ketegi,

Ösen ýerim Köpetdagyň etegi,

Ýör gideli Aýnam mundan…

 

Men özüm bilmezden dutary togtatdym. Töwerege adam bary üýşebn eken. kim ýetmiş ýyllap ýitiren perzendini görmäge gelipdir, kimem gara gazmanyň sesine durup bilmän gaýdypdyr. Hiç kim hiç zat hakda gürlänokdy. Asla geplemek hökmanam däldi. Öň dutaryň sesini eşidip gulagy ganan adama bar zat düşnüklidi.

Biz ýene-de şeýdip otursak oturardyk. Dymyşlygy entek oglanlykdan saplanmadyk oglanjygyň sesi bozdy.

– Öwekge daýy, köne sazlary çalyp bersene…

         Meniň hiç haçan bitmejek ýaramyň ýüzi täzelenen ýaly boldy.

– Nämüçin köne sazlary?

         Oglan başyny galdyrman gürledi.

– Köne sazlar adama köp pikir etdirýär…

         … Men gaty köp wagtdan bäri Günüň doguny görmämsoň heniz säher gijäniň elinden sypmanka  ýola çykdym. Uzakda Enebeýik garalyp görünýä. Meniň oglanlygymyň guwanjy bolan sähralaram öz syrlaryny pugta saklap dymýar. Meniň barha gojalyşan göwnüme ak çägeleriň ýüzüni sypalasaň birwagtky oglan döwrümdäki eşiden gürrüňlerimi gaýtalaýjak ýaly bolup dur…

 

                                                                                Öwezmyrat ÝERBENDI.

c

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri