JEMGYÝET

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýany taýýarlanýar

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi babatda beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Mejlisiň deputatlary giň jemgyýetçilige döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň ähmiýetini düşündirmek boýunça çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň ýubileýi boýunça döredijilik işgärleri sylaglanar

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Global Alýansa goşuldy

Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi

Prezident Zardari: Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdüreris

Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy