DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda guramanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistan döwletimize Russiýadaky ilçimiz Esen Aýdogdyýew wekilçilik etdi.

Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda 2024-nji ýylda Russiýanyň başlyklyk etmeginde guramanyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijelerine seredildi. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem 2025-nji ýylda ministrlikleriň arasynda köpugurly geňeşmeleriň geçirmegiň meýilnamasyna garaldy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyğ 11-nji aprelinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisini Gazagystanda geçirmek boýunça ylalaşyldy.

Tassyklanan resminamalaryň aglabasy Döwlet Baştutanlarynyň hem-de Hökümet Baştutanlarynyň geňeşleriniň mejlislerine serediler.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy