DÜNÝÄ

Türkmen-awstriýa syýasy maslahatlaşmalary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda özara maslahatlaşmalar geçirildi.

Wena şäherinde geçirilen bu nobatdaky syýasy geňeşmelerde Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Wepa Hajiýew we Awstriýa tarapyna bolsa agzalan diplomatik edaraň Baş sekretary Peter Launsky-Tieffenthal ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwer we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýady bilen bagly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň işjeň alnyp barylýandygyny belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda öňde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin degişli işleriň maksadalaýyk geçriljekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Tatarystanda döwlet ýolbaşçysyna täze at bilen ýüzlenmek teklip edildi

Japonya’dan Türkmenistan’a 80 kişilik heyet geldi

vepa

Kataryň Emiri bilen duşuşyk geçirildi

Leave a Comment