DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti ýurduň paýtagtyny göçürmegi teklip etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurduň paýtagtyny Tährandan Pars aýlagynyň kenaryna geçirmegi teklip etdi. Bu barada “Fars” habarlar gullugy habar berýär.

– Ýurduň syýasy hem-de ykdysady merkezini ýurduň günorta kenaryna geçirmegi teklip edýärin – diýip, Prezident Pezeşkian belläp geçdi.

Pezeşkianyň bellemegine görä, Tähran ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini başga hili çözmegiň mümkin däldigini belledi.

-Taýýar önüm üçin günortadan we kenardan çig maly merkeze getirmeli we ony eksport etmek üçin täzeden yzyna ugratmaly. Bu hem biziň bäsdeşlik mümkinçiligimizi peseldýär – diýip, Prezident belläp geçdi.

Related posts

Putin 27-29-njy maýda Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

«Azercell» weteranlara azyk paýlady

Ata Watan Eserleri