2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhun nebit geçirijisi arkaly 3.2 million tonnadan gowrak türkmen we gazak nebiti satyldy. Bu barada “Trend” habarlar gullugy Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp habar berýär.
Habar berlişine görä, bu görkeziji hasabat döwründe nebit geçirijisi arkaly akdarylan nebitiň umumy möçberiniň 18.7 göterimine deň boldy.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Baku-Tbilisi-Jeýhun nebit geçirijisi arkaly türkmen we gazak nebit eksporty 10.5 göterim artdy.
2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhun nebit geçirijisi arkaly 17.2 million tonna nebit sarp edijilere iberildi. Bu görkezijiniň 13.95 million tonnasy Azerbaýjanyň nebitinden ybarat boldy.