BIZNES

“Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredilýär

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Şeýle hem “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde Dokma senagaty ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 90 göterim hem-de ministrligiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezine esaslyk maýadaky paýy 10 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmen işewürlerine maliýe goldawy

Related posts

Birža söwdalarynda uçar kerosinine uly gyzyklanma

Türkmenistan “Expo Iran” atly halkara sergisine çagyryldy

Owganystanda ýagdaýlaryň kadalaşmagy TOPH taslamasyny ilerletmäge ýardam edýär