SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus alymlary garrylyga garşy sanjym döredýärler

Sirius uniwersitetiniň alymlary sagdyn durmuş döwrüni uzaltmaga mümkinçilik berýän sanjymyň üstünde iş alyp barýar. Rus alymlary adam bedenindäki köne hem-de hereket etmeýän öýjükleri aýyrmak babatda ylmy barlaglary geçirýärler.

Uýgunlaşdyrylan immuniteti işjeňleşdirmek bilen, alymlar bedeni köne öýjüklere garaşsyz göreşmek we işjeň ömrüň dowamlylygyny uzaltmak üçin göreşdirmegi meýilleşdirýärler. Taslama 2026-njy ýylda tamamlanar, ýöne hünärmenler ýüze çykyp biljek kynçylyklary barada hem belläp geçýärler.

Sanjymy döredijileriniň pikiriçe, ýaş bilen baglanyşykly keselleriň ösmegine goşant goşýan esasy faktor immunitetiň peselmegidir. Bu ýygy-ýygydan we uzaga çekýän ýokançlyklara we bedeniň köneleşen öýjüklerden dynyp bilmezligine sebäp bolýar.

 

Related posts

Hytaý daşary ýurtlular üçin PZR testi ýatyrýar

Täze ýyl agşamynda iýmitiňize ünsli boluň!

Dört Prezident göni ýaýlymda waksina kabul etdi