JEMGYÝET

Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek meýilleşdirilýär

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň metbugat boýunça ygtyýarly edaralarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onda Merkezi Aziýa sebitinde maglumat giňişligini ösdürmek we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek taslamasyna seredildi.

Bu duşuşyga Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministriniň orunbasary Kanat Iskakow, Tajigistanyň Telewideniýe we radioýaýlymlar boýunça döwlet komitetiniň başlygy Nuriddin Said, Özbegistanyň Maglumat we köpçülikleýin kommunikasiýa agentliginiň direktorynyň birinji orunbasary Dilşod Saidjanow, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklar we maýa goýumlar geçmek bölüminiň müdiri Nusubaly Žakypbekow gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar media sowatlylygy artdyrmak we ýalan habarlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak babatda göreşmek baradaky meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri Merkezi Aziýada umumy maglumat giňişligini döretmek boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Merkezi Aziýa telelýaýlymyny we sebitleýin medai meýdançasyny döretmek mümkinçiligine seretmek boýunça ylalaşdylar.

Bu ädimleriň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge we mednei alyş-çalşygyny ilerletmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Media ulgamynyň ygtyýarly edaralarynyň wekilleri media ulgamyndaky birleşdiriji taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi