JEMGYÝET

Maýsa Pardaýewa hytaýly türgeni “ippon” bilen ýeňdi

Fransiýanyň paýtagty Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleri çykyşlara başladylar.

57 kilogram agram derejesinde çykyş edýän türkmen zenan dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa ilkinji tutluşygynda  Hytaýyň türgeni Si Saý bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başyndan erjellik görkezen türkmen türgeni hytaýly garşydaşyny ynamly ýeňmegi başardy. Maýsa Pardaýewa hytaýly türgeni dzýudo sportunda ynamly ýeňiş hasaplanýan “ippon” bilen ýeňmegi başardy.

Türkmen türgeni 1/8 finaldaky bäsdeşi brazil türgen Rafaela Silwadyr.

Related posts

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti: YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyrys