SPORT

60 ýyllyk rekorda şärik boldy

Amerikaly türgen Keti Ledeki meşhur sowet ýeňil atletikaçy türgeni Larisa Latyninanyň 60 ýyllyk rekordyna şärik boldy. Her iki türgen hem Olimpiýa oýunlarynda 9 sany altyn medal gazandy. Sowet türgeni soňky gezek 1964-nji ýyldaky Tokio Olimpiadasynda 9-njy altyn medalyny gazanypdy.

60 ýyldan soňra amerikaly ýüzüji Keti Ledeki Pariž Olimpiadasynda 9-njy altyn medalyny gazanyp, bu rekordyň şärigi boldy.

Ledeki 800 metr aralyga erkin ýüzmekde altyn medalyň eýesi boldy. Amerikaly türgen bassyr 4 Olimpiýa oýunlarynda bu aralyga ýüzmekde altyn medlay hiç kime bermän gelýär. London, Rio-de-Janeýro, Tokio we Pariž Olimpiadalarynda altyn medalyň eýesi bolan Keti Ledekä 800 we 1500 metr aralyga ýüzmekde taý tapylanok.

Sowet ýeňil atletika türgeni Larisa Latynina 3 Olimpiýa oýunlarynda 9 altyn medal gazandy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy