SPORT

Serdar Azmun BAE-niň “Şabab Al-Ahli” toparyna geçdi

Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun mundan soňra futbol karýerasyny Birleşen Arap Emirliklerinde dowam etdirer. 29 ýaşyndaky futbolçy BAE-niň “Şabab Al-Ahli” topary bilen şertnama baglaşdy.

“Transfermarkt” neşiriniň habayrna görä, BAE-niň “Şabab Al-Ahli” topary Serdar Azmun üçin Germaniýanyň “Baýer” toparyna 5 million ýewro töledi.

Soňky gezek Italiýanyň “Roma” toparynyň düzüminde kärendesine oýnan Serdar Azmun Russiýanyň futbol çempionatynda oýnan döwründe uly meşhurlyga eýe boldy. Ol Russiýanyň “Zenit” , “Rostow” hem-de “Rubin” toparynda oýnady.

Mundan soňra eýranly hüjümçi özüniň tejribesini Birleşen Arap Emirliklerinde kämilleşdirer.

Related posts

Romelu Lukaku «Napolidan» «Fenerbahçe» toparyna geçdi

Olimpiýa oýunlaryna 100 gün galdy

Wirusyň «Olimpiýa» ştammynyň ýüze çykmagy mümkin