SPORT

2034-nji ýylda dünýä çempionaty Saud Arabystanyda geçiriler

2034-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionaty Saud Arabystany Patyşalygynda geçiriler. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– 2026-njy ýylda ajaýyp futbol baýramçylygy bolar. Kanada, Meksika we ABŞ – Demirgazyk Amerikada dünýä çempionatyny gurnar. 2030-njy ýyldaky çempionat bolsa, Afrikada (Marokko) we Ýewropada (Portugaliýa we Ispaniýa) geçiriler. Onuň 3 sany baýramçylyk duşuşyklary Günorta Amerikada (Argentina, Paragwaý we Urugwaý) geçiriler. 2034-nji ýylda dünýä çempionaty Saud Arabystanyda bolar. Öňde boljak 3 dünýä çempionaty 5 yklymda we 10 döwletde geçiriler. Bu hem futboly hakykatdan hem ählumumy derejä çykarýar – diýip, Infantino belleýär.

31-nji oktýabrda Awstraliýa 2034-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatyny kabul etmek üçin dalaşgär bolmakdan ýüz öwürdi.

Halkara futbol Federasiýasy Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyny we Okeaniýanyň Futbol Konfederasiýasyny 2034-nji ýylda dünýä çempionatyny guramaga çagyrdy. Şonuň yzysüre Saud Arabystany bu ýaryşy gurnamak üçin ýüz tutdy.

Related posts

«Arkadag» topary sekiz ýyllyk rekordy täzeledi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze aýlawyna badalga berler

“El Klasiko”: “Real Madrid” öňe geçdi