JEMGYÝET

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana gelýär

Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar 2 günlük resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Bu barada Türkiýäniň metbugaty habar berýär.

Türkiýäniň ministriniň bu saparynyň dowamynda geçiriljek gepleşiklerde türkmen gazynyň Türkiýä we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazaryna ibermek boýunça degişli pikir alyşmalaryň geçirilmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy hem özüniň hem-de Ýewropanyň tebigy gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktaryň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň ähmiýeti uludyr.

2 gün dowam edýän saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikler geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa diplomatiýa forumy mynasybetli Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekilipdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň baý energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça eksport etmek babatda degişli ylalaşyklar gazanylypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi