SPORT

Özbegistan Pariž Olimpiadasynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Gazagystandan soňra Özbegistan hem Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Gazak hem-de özbek türgenler altyn medalyny dzýudo sportunda gazanandygyny bellemek gerek.

Özbegk zenan türgen Diýora Keldiýorowa 52 kg agramda çykyş edip, Özbegistanyň taryhynda Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan ilkinji zenan türgen boldy.

Ol final tutluşygynda Kosowanyň türgeni Distriýa Krasniçini ýeňmegi başardy. Kosowaly türgen Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy.

Özbek türgeniň gazanan bu medaly Özbegistanyň Pariž Olimpiadasynda gazanan ilkinji medaly boldy. Özbegistan mundan ozal, Olimpiýa oýunlarynda dzýudo sportunda altyn medal gazanmandy.

 

Related posts

Özbek futbolçy Eldor Şomurodow Türkiýede oýnar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Bahreýn: 1-1

Futbolda täze rekord