IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

 Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Ýolöten etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 9:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

  Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

  Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Ýolöten şäheriniň Nebitçi köçesiniň 5-nji jaýy

 Habarlaşmak üçin: 800560-6-28-01         

Ýene-de okaň

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan boş iş orny

Görogly etrabynyň prokuraturasynyň edara binasynyň gurluşygy üçin bäsleşik

Adalat ministrliginiň adalat edaralaryny gurmak boýunça bäsleşik