BIZNES

Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forum we sergi geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde gurnaljak bu sergi innowasiýa tehnologiýalar pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly we deň hukukly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Bu barada serginiň gurnaýjylary habar berýär.

Sergi gurluşyk tehnologiýalary, akylly şäherler, emeli intellekt, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, bazar ýerleri (märketpleýs), 5G we aragatnaşyk torlarynyň indiki nesilleri, lukmançylyk anyklaýyş enjamlary we gurallary, robot tehnikalary, elektron hökümet, maliýe tehnologiýalary ýaly beýleki mowzuklary öz içine alar.

“HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forumyň we serginiň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmekden hme-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara foruma we sergä gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar gurnaýjylar bilen habarlaşyp bilerler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewür-jemgyýetçilik gazananlaryna ýokary baha berildi

Aziýa Ösüş banky Türkmenistanyň demirýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw berýär

Özbegistanyň energetika ministri Aşgabatdaky nebitgaz forumyna gatnaşar

Hünärli daşary ýurtly işçiler üçin iş rugsadynda üýtgeşiklik: Alty aýdan üç ýyla çenli uzaldyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat we Pekin maýa goýum taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy