MEDENIÝET

Madonnanyň mugt konserti 60 million girdeji getirdi

Dünýä belli aýdymçy Madonnanyň Brazliýadaky mugt konserti 60 million dollar girdeji getirdi. Dünýäniň meşhur Kopakabana deňiz kenarynda Madonnanyň konsert maksatnamasy guraldy.

Bu konsert Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň ykdysadyýetine 60 million dollar girdeji getirdi. Bu barada “The Guardian” britan neşiri habar berýär.

Madonna “Celebration” atly dünýä derejesindäki konsert maksatnamasynyň çäklerinde Braziliýada hem konsert berdi. 2 sagat dowam eden konserti tomaşa etmek üçin Kopakabana deňiz kenaryna 1,6 million adam ýygnandy.

Diňe bir deňiz kenary däl, eýsem şäheri esasy köçeleri hem adamdan doldy. Madonnanyň käbir muşdaklary wagtyndan öň özleri üçin ýer sargyt etdiler. Has gurply muşdaklar bu konserti özüniň deňizdäki gämisinde ýa-da deňziň kenaryndaky jaýynyň balkonynda tomaşa etdiler.

Şäheriň häkimligi konsert üçin 1,6 million adamyň ýygnandygyny mälim etdi. 65 ýaşyndaky Madonnanyň konserti 2 sagatdan gowrak dowam etdi.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri