HEKAÝALAR

Ýeňiş (hekaýa)

Ýaşy togsandan agan Ogulmamur eje üçin gaýyn enesinden galan köneje sandygy mydamalyk syrdaş bolup durdy. Çünki bu sandykda Merediň heniz ol gyz wagty sowgat eden gülýakasy bardy. Meret aganyň enesinden miras galan gülýakany hormat bilen özüne sowgat etmegi Ogulmamur ejä özüni iň bagtly zenan hökmünde duýmaga ýardam edipdi. Indi ol her sapar sandyga göz aýlanda, hyýalynda uzaklarda galan şol günlerine dolanýardy. Hyýalda bolsa-da, ol günler şeýle ýakymlydy, ezizdi…

                                            * * *

Ogulmamuryň ýaşlygy gazaply uruş ýyllaryna gabat gelipdi. Gün-güzeranyňy dolandyrmagyň kyn döwri ol öý işlerini ederdi. Käte bolsa öýünden esli aralykdaky “Gyz guýa” baryp, suw alyp aýdardy. Ol bereketli guýydan hemişe gyzlar suw alyp gaýdansoň oňa “Gyz guýy” ady galypdyr.

Şol günem ol adatdakysy ýaly küýzelerini golunda göterip guýa barypdy. Birdenem ol nirelerden bir ýerden ýel ýaly atyna atlanyp Merediň gelenine gözi düşdi. Şonda olaryň arasynda gysgajyk gürrüň bolupdy.

– Ogulmamur, men seni ömrüme taý hasaplaýan…

– Aýyp bolar oglan. Bu ýerde kän durma, biri görse gowy däl…

– Şoň üçin ykbalymyzy birikdireli…

Meret mundan artyk ol ýerde durmagyň artykmaçlygyny bildi. Ýöne gyzyň gysgaça sözi onuň ýüreginde tämiz duýgulary oýardy. Öz ýanyndan “Eger garşy bolsa, başgaça sözlärdi…” diýip, bolup geçen ýagdaýy gowulyga ýordy.

“Gyz guýa” käte gyzlar üýşüp gelerdi. Käte olar öz aralarynda “Guýa kim kän seretse, bagty açylýar” diýşip, çuňňur guýa tiz ýetmgiň arzuwynda bolardylar. Ogulmamur her sapar ondan ilkinji bolup suw alansoň boýdaşlary oňa basym bagtyň gülüp bakjakdygyny aýdardylar.

Bu hakykatdan-da, şeýle boldy. Gazaply urşuň ilkinji günleri Ol Merede durmuşa çykyp, bagtly günlerde ýaşap ugrady. Ýöne, aradan aý ýarym geçensoň Meret urşa gitmeli boldy. Şonda Meret:

– Şu gülýaka bilen tahýany gözüň göreji ýaly sakla. Oglumyz bolsa, tahýany geýdir, gyzymyz bolsa gülýakany dak. Aman gal, biz Ýeňiş bilen dolanyp geleris – diýipdi.

Bu aýralyga gelin ýüregi birbada teselli tapyp bilmedi. Ýöne Ýeňişe bolan ynam onuň kalbyna rahatlyk beripdi.

Gujurly gelin beýleki zenanlar bilen bir hatarda erkekleriň ornunda durup tylda zähmet çekdi. Gündizini pagta meýdanynda geçirip, gijelerine jorap, ellik örüp urşa ýollady.

Meretden käýarym bir hat gelerdi. Bir sapar bolsa ol suratam iberipdi. Meret mele şinelde, başy telpekli düşen suratyna misli ýagyşly gün düşen ýalydy. Suratyň solaklygy, sarymtyllygy ony şeýle görkezýärdi.

Ogulmamur gelin suraty çarçuwa salyp, öýüniň töründen asyp goýdy. Indi ol öý işlerini edende, Meret her bir hereketini synlaýan ýaly duýýardy. Käte bolsa ol surata ençe mahallap seredip durardy.

Durmuş guranlaryna on aý diýlende, Merediň ogly dünýä indi. Ogulmamur gelin ykbalyň beren bu peşgeşine begenjinden iki bolup bilmedi. Ol ogul perzendine Ýeňiş diýip at goýup, ene mährini berdi. Ýeşişjik aý-aýlanyp, ýyl dolanyp ese-boýa galdy. Bir günem ýan-ýoldaşynyň pendini tutup, arzuw bilen oglunyň başyna gaýyn enesinden miras galan ak gaýma tahýany geýdirdi. Süňşük   nagşy salnyp keşdelenen tahýa altyn aşyk ýaly Ýeňişjige diýseň gelşik berdi.

Ine, bir günem Ýeňiş habary bütin äleme doldy. Agyr uruşdan adamlar ýeňiş bilen dolanyp gelip ugradylar. Her öýde toý-şagalaň, her obada şatlyk bütin töweregi gurşap aldy.

Şeýle günleriň birinde Ogulmamur gelin daşkynyrak garyndaşlarynyň urşa giden ýan-ýoldaşyna gözüňiz aýdyň diýip goňşy obadan gelýärdi. Birdenem onuň gözi öýüniň deňesine ýetip gelýän egni şinelli esgerde saklandy. Ol – Meretdi. Ogulmamur hatda elinden tutup gelýän oglunyda ýadyndan çykaryp esgere tarap ganat ýaýdy. Iki göwre birleşende nämäň-mänedigine düşünip bilmedik Ýeňişjik enesine tarap okduryldy. Meret aňyrdan gursagyna başyny goýup begenjinden aglap duran gelni bilen bilelikde oguljygyny bagryna basdy. Şonda ol bogazyna dolan begenç gözýaşlaryny zordan ýuwdup gürledi:

– Maňa Taňry iki Ýeňşi garşylamak bagtyny berdi…

Şol gün Meretleriň öýünde uly toý tutuldy. Ol iki Ýeňşiň toýudy.

* * *

Daşardan “Öýde adam barmy?” diýen ses Ogulmamur ejäni uzak ýyllaryň ýatlamasyndan aýňaltdy. Aňyrdan gelen ýigit oňa salam berdi-de: “Şu gün oba medeniýet öýünde beýik Ýeňşiň dabarasy geçirilýär. Meret aganam, sizem hormat bilen toýa çagyrýas” diýdi.

Ogulmamur eje dabara döşi orden medally ýan-ýoldaşy Meret aga bilen bardy. Dabarada olara uly hormat etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gowşurylan sowgatlar, gujak-gujak güller olaryň ruhy dünýäsine ganat berdi. Dabara gatnaşyjylar onuň gazaply uruş ýyllary hakyndaky söhbedini tolgunman diňläp bilmediler. Ýaşuly her sapar gözüniň çygyny ak ýaglygy bilen sylyp:

– Şu bagtyýar günleriň gadryny biliň. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiziň daşyna has berk jebisleşiň – diýýärdi.

Urşuň hupbatyny egninde çeken ýaşulynyň ýürekden çykýan sözleri dabara gatnaşyjylaryň kalbynda hemişelik ýer etdi.

    Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMET,

Murgap etrap Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri