BIZNES

Russiýanyň Demir ýollary edarasy Türkmenistanyň demirýollarynyň elektrikleşdirmegine goşant goşar

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň  baş direktorynyň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiý Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda Türkmenistanyň demirýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdi. Bu barada ol habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

“Infrastruktura taslamalary nukdaýnazaryndan Russiýa tarapy, Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine çenli esasy ugurda demirýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine kömek bermäge taýýardyr we elektrikleşdirmek we işgärleri taýýarlamak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek nukdaýnazaryndan toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýär” diýip, Wýaçeslaw Pawlowskiý aýtdy. Şeýle hem, taraplaryň Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek meselesinde ylalaşandyklaryny aýtdy.

Ol iki ýurduň demirýol ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini belledi. Onuň bellemegine görä, «Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň arasynda 2023-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekilipdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner hyzmatlaryny ösdürmek bababtda bilelikdäki tagallalar amala aşyrylýar. Her aýda 4 konteýner otlusynyň görkezijisine ýetilendigini we onuň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünärmenler mümkinçiliginiň ösdürilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk edilip, türkmen demirýolçularynyň Russiýanyň Demirýollary edarasynyň korporatiw uniwersitetinde okatmagyň maksatnamasy taýýarlandy. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar