BIZNES

Türkmenistan bilen Hindistan işewür hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Taraplar hususan-da, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işler ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

“Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynda ulag ministrleriň birinji duşuşygy geçirildi

Ministrler Kabinetiniň mejlisi:35 milliard amerikan dollaryna barabar gurluşyklar

vepa