PEÝDALY MASLAHAT

“Petronas” işe çagyrýar

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky wezipe boýunça hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly şäherçesinde işlemek üçin hünärmen (howpsuzlyk tehnikasy boýunça).

Bildirilýän talaplar: ähli dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: degişli ugur boýunça ýokary bilimli.

Iş tejribesi: nebitgaz pudagynda howpsuzlyk tehnikasy boýunça hünärmen hökmünde azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly. Howpsuzlyk tehnikasy, zähmeti goramak, gorag howpsuzlygy we daşky gurşawyň goragy (HT, ZG, GH we DGG) boýunça dolandyryş, HT, ZG we DGG-niň iş ýerinde ýerine ýetirilişi/gözegçilik; döwlet edaralary bilen işlemek we gowy gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda tejribesi bolmaly.

Dili: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmalary («MS Word», «MS Excel», «MS PowerPoint») we sanly HT, ZG, we DGG platformalary. Hasabatlary, maglumatlary prezentasiýalary taýýarlamak başarnygy.

Resmi kagyzlary https://shorturl.at/epCP2 salgydan ýa-da «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasyndan alyp bolar. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy («B» blok).

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty