Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama bolup geçdi. Bu pajygaly hadysa zerarly Türkmenistan Hökümeti tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna çuňňur gynanç bildirildi.
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem öz gezeginde Türkmenistanyň halkyna öz minnetdarlygyny bildirdi. Ilçihananyň resmi saýtynda ýerleşdirilen habarda şu agyr pursatlarda doganlyk türkmen halkynyň goldawyny öňkülerden hem has köp duýýandyklary bellenilip geçildi.
– Ir säherden ilçihananyň elektron poçta salgysyna gynanç hatlary yzygiderli gelip dur. Adamlar Russiýanyň ilçihanasynyň öňüne güller, şemler we ýumşak oýnawaçlar getirýärler.
Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we raýatlaryna, şeýle hem öz watandaşlarymyza bu elhenç betbagtçylyga duýgudaşlyk bildirýändikleri üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gurban bolanlary dogan-garyndaşlary we ýakynlary bilen bilelikde ýatlaýarys. Ähli ejir çekenlere gysga wagtda sagalmaklaryny dileýäris.
Bu terrorçylykly herekete gatnaşanlaryň hemmesiniň kesgitlenip, degişli jeza çäräsiniň görüljekdigine ynanýarys – diýip, Russiýanyň ilçihanasy habar berýär.