DÜNÝÄ

Dawis hukuk fakultetinde Nowruz baýramçylygy bellendi

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan halkara baýramçylyk derejesi berlen, bereketiň hem-de täzelenişiň baýramy bolan Halkara Nowruz güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilip geçildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda çykaran kararnamasy bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýän Halkara Nowruz güni 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Halkara derejesinde bellenilip geçilýän Halkara Nowruz güni üstümizdäki ýylda ABŞ-nyň meşhur Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetinde hem bellenilip geçildi.

Bu ýokary okuw mekdebiniň hukuk fakultetinde hukuk ugry boýunça magistri derejesini almak üçin bilim alýan talyplar tarapyndan guraldy. Baýramçylygyň guramaçysy hökmünde Eýranyň, Özbekistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň talyplary çykyş etdi.

22-nji martda geçirilen baýrançylyk dabarasynda Nowruzyň ähmiýeti açylyp görkezildi. Baýramçylyk dabarasyna Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetiniň dekanynyň orunbasary Prof.  Beth Greenwood, professor Johann Morri, fakultetiň beýleki professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Baýramçylyk dabarasynda hukuk fakultetiniň talyplary tarapyndan emeli intellekt arkaly iňlis dilinde aýdym taýýarlandy. Şol aýdymda Nowruzy giňden belleýän döwletleriň hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Türkiýäniň Nowruz däp-dessurlary, şeýle hem bu ýurtlarda Nowruzyň ähmiýeti barada gysgaça maglumatlar berilýär.

Şeýle hem Türkmenistan barada hem aýratynlykda wideofilm taýýarlanyp, Nowruz baýramçylygynyň parahatçylygy we dialogy ündeýändigi gatnaşyjylara ýetirildi.

Dabarada Dawis hukuk fakultetiniň LLM talyby Elay Sultanahmadi çykyş edip, Nowruz gadymy baýram bolup, bereketli günleriň buşlukçysy, şol bir wagtda özünde birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini jemleýändigi barada belläp geçdi.

Şol sanda dabara gatnaşyjylara Nowruz baýramçylygyny giňden belleýän döwletleriň – Türkmenistanyň türkmen palawy we pişmesi, Özbegistanyň somsasy, Owganystanyň mantysy, Eýranyň bolsa taçin tagamlary hödürlendi.

Şeýlelikde, ilkinji gezek ABŞ-nyň meşhur Kaliforniýa uniwersitetiniň Dawis hukuk fakultetinde Halkara Nowuz baýramçylygynyň bellenendigini bellemek zerurdyr.

Şeýle hem bu baýramçylyk çäräsiniň geçirilýändigi fakultetiň dürli ýerlerinde çakylyk görnüşindäki afişalar ýerleşdirilip mälim edilipdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär