DÜNÝÄ

Rus metbugaty: Wladimir Putin saýlawlarda ýeňiş gazanýar

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-17-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynda Prezident saýlawlary geçirildi. Ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, sesleriň 98 göterim sanaldy we şolaryň netijesinde dalaşgär Wladimir Putin 87.34 göterim ses aldy.

Ikinji orunda Döwlet Dumasynyň deputaty Nikolaý Harinowa barýar we onuň sesleriniň sany 4,3 göterime deňdir. Üçünji orundaky Döwlet Dumasynyň wise-spikeri Wladislaw Dawankowyň sesleriniň sany 3,8 göterime barabardyr.

LDPR partiýasynyň dalaşgäri Leonid Sluski bolsa saýlawçylaryň 3.17 göteriminiň sesini aldy.

Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, saýlawçylaryň 725 million 414 müňüsu Wladimir Putine ses berdi.

Russiýada ilkinji gezek Prezident saýlawlary 3 gün dowam edip, ol hem 15-17-nji mart aralygynda geçirildi. Russiýanyň Merkezi saýlaw topary şu gün saýlawlaryň deslapky netijelerini yglan eder.

Muňa garamazdan, eýýäm dünýäniň köp ýurdunyň döwlet baştutanlary Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi üçin gutlag hatyny iberdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy