Şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Gazagystanda Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Aýbek Smadiýarow habar berdi.
– 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Taraz şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza hem-de synçy döwletleriň oba hojalyk ministrleriniň 3-nji mejlisi geçiriler. Şeýle hem onuň çäklerinde türki döwletleriň agrar forumy guralar – diýip, daşary syýasat edarasynyň resmi wekili belledi.
Onuň bellemegine görä, bu çärelere guramanyň agza hem-de synçy döwletleriň oba hojalyk ministrleri, şeýle hem gyzyklanma bildirýän işewürler düzümleriniň wekilleri gatnaşar.
Mejlisiň jemleri boýunça ministrler Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki beýanaty kabul ederler.
Türki Döwletleriň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan agzadyr. Şeýle hem Türkmenistan we Wengriýa synçy döwletlerdir.
