Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana resmi saparda bolýar. Aşgabatda bolýan döwründe Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki Owganystanyň ilçihanasyna baryp gördi.
Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Amir Han Muttaki ilçihanadaky owgan diplomatlary bilen gürrüňdeş bolup, olara birnäçe möhüm maslahatlar berdi. Ilçihananyň işgärlerine owgan-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň, Türkmenistanda ýaşaýan owgan raýatlaryna berilýän konsullyk hyzmatlaryny tizleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, Amir Han Muttaki diplomatlaryň syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňe süren tekliplerini diňledi.
Owgan ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Owganystanyň Dag magdan senagaty we nebit ministrliginiň, Owganystanyň Demirýol müdirliginiň we “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň wekilleri bar.
