TEHNOLOGIÝA

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Dünýä belli “Samsung” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “Galaxy Ring” akylly ýüzük 26-29-njy fewral aralygynda Barselona şäherinde geçirilýän Bütindünýä mobil kongresinde tanyşdyrylar. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Kompaniýa 2022-nji ýylyň tomsunda “Galaxy Ring” akylly ýüzüklerini işläp düzmäge girişdi. Şol bir wagtda Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasynyň elektron dünýäsi bazaryndaky esasy bäsdeşi “Apple” kompaniýasy hem akylly ýüzük taslamasyny durmuşa geçirjekdigini yglan etdi.

“Galaxy Ring” akylly ýüzükleri barada ýanwar aýynda maglumat berlipdi, ýöne ony tanyşdyrmak işini awgust aýynda geçirmek meýilleşdirilipdi.

“Galaxy Ring” ýüzükleri gan basyşyny ölçäp, EKG düşürip, NFC arkaly tölegiň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döretmegine garaşylýar. Şeýle hem, bu ýüzüklerde emeli intellekt aýratynlyklaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Akylly ýüzük elektron enjamlaryny başga kompaniýalar eýýäm bazara çykardy. Hususan-da, 2022-nji ýylyň maýynda “Gucci” kompaniýasy “Oura” fin kompaniýasy bilen akylly ýüzük işläp düzüpdi.

Ýene-de okaň

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler