SPORT

Türkmen futbolçy Lionel Messiniň toparyna garşy çykyş etdi

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messiniň çykyş edýän ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary özüniň Aziýa saparynyň çäklerinde birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Şol duşuşyklaryň birinde ildeşimiz Ruslan Mingazowyň hem düzüminde oýnan Gonkongyň ýyldyzlarynyň topary boldy.

Bu duşuşykda ABŞ-nyň topary 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Lionel Messi şikesli bolandygy üçin meýdança çykmady.

Duşuşygyň çäklerinde Ruslan Mingazow dünýä ýyldyzy Lionel Messi bilen surata düşüp, ony özüniň jemgyýetçilik torunda paýlaşdy.

 

Related posts

Kilian Mbappe we Saud Arabystanynyň teklibi

27 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

Messiniň Hindistanda 20 metrlik ýadygärligi açyldy