HEKAÝALAR

Ýazlagda

                                                                                                        Hekaýa

         Şol ýylyň ýazy ýaňy saçy örüme gelen ýetişmiş gyzy ýatladyp ir geldi. Dünýä hezildi, oň içinde Ogullanyňam, Baltagyňam, Kümüşguýrugyňam, özümiňem barlygy ony hasam hezilleşdirýädi.

Durnalaryň ir uçup gelmegini Gülsün eje ýagşylyga ýorýar. Bu ýylam şeýle boldy. Heniz meýdanda gaňňala örmänkä durna guşlar eýýäm Enebeýigi bezedi. Meni begendirýän zat durna guşlaryň ir gelmegindenem beter olaryň pessaýlap uçmagydy. Şeýle bolanda olar daşa gitmän hut ýaýlamyzyň özünde tomsuny geçirýärler. Han-ha indem olar üzülen hünji ýaly ýaýraşyp otyrlar. Olar uçup gelse obamyz öňküsindenem owadan ýaly bolýar. Şonda meniň oglan göwnüme obamyz bolmadyk bolsa, dünýede beýle owadan bolmajak ýaly duýulýar.

Ynha, bu gün bolsa biz gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp, ýazlaga gidip barbýarys. Ýazlag hasam hezil. Onda hemme kişi özüni erkin duýýar. Hat-da Ogulla ýaly ulygyzlarada “A gyz, başyňy galdyryp ýöreme” diýlenok. Şonuň üçin hemmeler ýazlagy gowy görýärler. Han-ha Nepes gyjakçy ýazlaga çykylanda aýdylýan aýdymynyň heňini çalyp başlady. Men o sazyň heňindenem beter sözlerini gowy görýärin. Ol heniz aýdylmanka göz öňüňe sähralar, onuň ýöremesi kyn, ýöne erkin ýodasy, ýene birtopar zatlar gelýär.

Ana-da inçejik gamly ses eşidilip başlady. Soň ol sese ýene birki sanysy goşuldy. Bu aýdyma meňzeş zaryn hiňlenmäni Pynhan aga görgüli gowy görerdi.

Kerwen, kerwen, kerwen, kerwen ýöresin,

Kyrk gulak gazan doňýag eresin.

Özüň adam bolsaň aslyň perisiň,

Kejebäni çekmäne gara ner gerek…

 

Soň herkim ýalazy meýdanda goşlaryny goýup, ýerleşmek bilen bolar. Soňam goýundyr geçi kökenlenip, sagylmaga başlanar. Kersenleri dolduryp duran ap-ak süýtler, goýutmakdyr sarganlar – bular sähralaryň önümi. Olar üstünden gijäni geçirensoň hasam gaýmagy galňap, özem süýjäp, hiçbir tagama meňzemeýän özboluşly nygmata öwrüler.

Şu günki eşiden sözüm meni hemä haýran galdyrdy hemem tisgindirdi. Men nämä garaşsamam beýle zada garaşamokdym. Her kim birzada güýmenýärdi. Kim kösük gazýardy, kimem ýuwa ýygýardy. Ýene birem çigildem köwleýärdi. Sähralaram öz göwsünde owadanlygy döredip, heniz arzuw-hyýalyndan saplanmadyk gyzjagaz ýaly uýaljaňlyk bilen bize seredýärdi. Sebäbi mart aýy sähralaryň öz ýylgyrýan wagtydy. Hol beýlede bolsa Kümüşguýruk diňe haýwanlara mahsus bolan gussaly söýgi bilen töweregine garap, mele gunany küýsäp kişňeýärdi.

Sähralaryň bi görnüşini ýazyp düşündirer ýaly däldi. Kimde-kim ak çägelere aýakýalaň basan bolsa, ol meniň diýjek bolýan zadyma eýýäm düşünýändir. Basmadyk bolsa, bilmedim…

Kimiň diýenini bilemok, kimdir biri şeý diýdi.

– Eý, Ogulla owadanmyka ýa Kümüşguýruk?

Bi hemmeler üçin geň galdyryjy, ýöne täze tapylan zat boldy. Kimdir biri seslendi.

– Ikisem owadan.

– Ýok, birinden? Owadanlykda bedew at gyz bilen bäsleşýä.

Basym bu iş gurnaldy. Kümüşguýrugy depäň üstüne alyp çykdylar. Ogullada gapdalynda ýanaşyp duran depä çykdy, aşakdada – ýazlagçylar. Kimiň tarapyna köp adam üýşse, şo-da ýeňiji bolýar.

Bu özboluşly sähra dramasydy. Kim Ogulla tarap meýillenýärdi, kimem bedew ata. Ogullanyň şo gezekki owadanlygy ýaly owadanlygy men hiç gyzdan görmändim. Onuň bolup durşy häzirem gözümiň öňünde. Kellesindäki gültahýany ykdyrmajak bolýan ýaly sag eli bilen ony tutup dur. Sähra şemaly zülplerini ikitarapa ykjadýar. Hiç-haçan tarypyna ýetip bolmajak lälezar gözleri bolsa dünýä begençli garaýar. Egnindede şo özüne gelşik berýän gökje köýnegi.

Kümüşguýrugam peslär ýaly däl. O janawerem uzakdaky gylýaý sürüsiniň akjaryp görünýän tumşuklaryna seredip, sähralara siňip gidýän seslere diňşirgenýär. Birdenem nämedir bir zatdan hyjuw alýan ýaly çarpaýa galýar. Şonda onuň gür ýallary asmana gönügip, soňam ýuwaş-ýuwaşdan onuň owadan boýnuna düşýär.

Bi görnüşi synlamak diýseň ajaýypdy. Men şol gün özümiň suratkeş bolup dogulmanyma öňünipdim. Ogullanyň şol ajaýyp keşbi bilen Kümüşguýrugyň gyzgylykly owadan syratyny çekip, başga hiç zat çekmän ömrüm boýy şolara seredip geçesim gelýärdi.

Bi janly tebigatyň öz göwsünde döredýän gaýtalanmajak gözelligidi. Aşakda, ýazlagçylar bolsa kim Ogulla tarap ýöreýärdi, kimem Kümüşguýruga. Diňe Baltak janawer haýsydyr bir alakanyň hinine burnuny sokup, nämedir birzada ysyrganýardy hemem henizem bu gözellige düşünmän äpet gulaklaryny  şalkyldadyp, kellesini ýaýkaýardy.

Ogullanyň ýanynda duran adamlaryň biri maňa tarap goluny bulaýlady.

  • Eý, Öwekge, bol senem birini saýla!

Men haýsy tarapa eglişik etjegimi bilmän kän ýaýdandym. Owadan zada owadan däl diýmek – bu has erbedidi. Bi oýnuň şertinde bolsa sen ikiden birini saýlamaly – ýa gyzy, ýa-da bedew aty.

Men Kümüşguýruga tarap ýüzümi öwrüp, çalaja “Bagyşlaweri janawer” diýip pyşyrdadym-da, Ogulla tarap ýöneldim.

Ses-gykylyk asmana göterildi.

  • Deňlik! Deňlik!. Biziňkem 21, olaňkam 21!

Birden morta ses eşidildi.

  • Ýok, entek oýun gutaranok! Han-ha, Baltagam bar, ol haýsy tarapa goşulýarka?

Baltak öz adyny eşidenden kellesini galdyrdy. Soňam boz syçanyňmy, ýalmanyňmy yzyny ysyrgap öz işi bilen boldy.

  • Baltak hasap däl – deňme-deň çykdy!

Gülsün eje durup bilmedi.

– O nähili hasap dälmişin! O-da öz obamyzyň iti ahyry!

– Aşyňa-goşuňa goşulyp ýörer-de, hasap däl bolarmy!

Men Baltak bilen kän ýoldaş  bolamsoň, biz biri-birimize gepe däl-de, üme düşünýärdik. Şonuň üçin oňa sykylylk atmagam gerek bolanokdy, juk-juklamagam hökman däldi. Men jüjürkämiň jübüsindäki gaty kirlän, ýöne bitin ak kökämi Baltaga görkezenimden, ol bildirmän gözi ýok ýaly maňa tarap gaýtdy. Men näumyt etmän kökäň hemmesini oň agzyna tutdurdym.

Şeýdip biziň bir sanymyz aýrdy – sähra daramasynda Ogulla ýeňiji boldy. Soň bi gürrüň oba baramyzsoňam ýatmady. Kim Baltak Ogullany däl-de, ak kökäni gowy görýä diýdi, kimem ýene birzadyny tapdy. Ýöne Nepes gyjakçynyň aýdan aýdymy hemmeleri ylalaşdyran ýaly etdi.

Bir ata aşygam bir-de gözele…

                                                                                                                                                                                                        Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri