SPORT

77 ýyldan soňra Belgiýadan çempion çykdy

Luna Hendriks Ýewropanyň çempiony boldy. Bu Belgiýanyň 77 ýyldan soňra ilkinji altyn medaly boldy. Figurlaýyn typmak boýunça Ýewropa çempionatynda garaşylmadyk netije gazanyldy. Belgiýaly türgen çempion bolup, ýurduna 77 ýyldan soňra medal gazanmaga mümkinçilik berdi.

Litwanyň Kaunas şäherinde figurlaýyn typmak boýunça Ýewropa çempionaty geçirilýär. Şol ýaryşda zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşda Luna Hendriks 213,25 utuk jemläp, birinji bolmagy başardy.

Soňky gezek Belgiýanyň türgenleri sportuň bu görnüşinde Ýewropa çempionatynda1947-nji ýylda çempion bolupdy. Şonda jübütleýin ýaryşda Mişlin Lannua we Pýer Bone altyn medalyň eýeleri bolupdy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler