HEKAÝALAR

Pahnany paýha aýyrýar

                                                      Hekaýa

Geçmişe we wakalara baý Ýerbent ýaýlasy hemişeki öz agras ädimlerini ýuwaşlyk bilen ätläp şo öňe gidip oturyşy. Göräýmäge ol şeýle ýaly bolup görünse-de ýigrimi bir öýüň ýigrimi biriniňem aladasy özüne ýetikdi.

Gartaň aga guýularyň suwunyň ir ajandygyny aýdyp öňräkden bäri zeýrenip ýör. Anna ýöwsel bolsa, aluwjylara gökerkeklerini arzan satany üçin henizem aýalyna käýinýär. Biziň gumlularymyz şeýle-dä. “Şüýä bolaýdy” diýýänini aňsat tapmarsyň. Şuňka ugruna diýeniňem bolmanda dişi sorkullaýar.

Olaryň derdi ýöne Üpük mergendir Göwher gelnejemiň derdine seredeňde wiçjik. Olaryň saçyna bireýýäm ak girenem bolsa henizem zürýatlary ýok. Muňa men janym bilen gynanýan. Göwher gelnejemiň sözleri bolsa meni has beter gynandyrýar.

– Öwekge, Alla ýetimiň dilegini gowy kabul edermiş, sen biziň dulumyzda-da sallançagyň basymyrak üwrelmegini diläweri…

Ol şu sözleri hasrat ümeziniň aňyrsynda aýdýar. Şonuň üçin men onuň indiki aýtjak sözlerinden gorkup, obamyzyň gaýrasyndaky köne gonamçylyga baryp bilenje dogalarymy okaýaryn. Hemem şeýle bişeýkelçiligiň Göwher gelnejemiň bijesinden çykanyna oglan ýüregim bilen gynanýaryn. Ýöne entjegimem bäbejik geliberenok.

Üpük mergeniňem ýagdaýy oňkudan gowy däl. Oňam irimçik adamdygyna garamazdan birhili kibti gysyk. Men şeýle ýagdaýda olaryň dünýe bilen hoşunyň ýoklugyndan gorkýardym. Özem gaty gorkýardym. Wagt bolsa dyngysyz ylgawuny ýazdyrman gerçip durdy. Ertirden soň birun, birigundan soň soňkusy gün gelip, dyzyny epmän şo öňe gidip otyrdy. Sebäp soňy gelmeýän günler Üpük mergeniň bar saçyny agardan ýalydy.

***

Ýerbendiň owadan ýaýlasynda gör nämeler bolupdy. Şonuň ýalam gör nämeler bolmandy. Şo gezekki meniň ogryn diňlän gürrüňlerimden soň – kitaplarda asla ýazylmadyk, durmuşda-da seýrek, onda-da juda seýrek eşidilýän wakanyň, adam ogluny haýran galdyryjy owadan rowaýatyň başy başlandy.

Kişiniň gürrüňini ogrynça diňlemek aýybam bolsa, men şo gije symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän ajaýyp gijede gamşa gulagymy goýup diňläpdim.

Daşarda köwsarlaýan şemal garaja öýüň eňsisini birsyhly galgadyp, ortadaky ýanyp duran oduň ýalnyny töwerege ýaýradýardy. Oduň ýalny iki-baka öwrülip käte Üpük mergeniň, käte-de Göwher gelnejemiň ýüzüni ýagtyldýardy. Göwher gelnejem gyryljak, ýöne düşnükli sesi bilen gürleýärdi.

– Mergen, razylyk berseň seni men öz elim bilen öýerjek….

Men tisginip gitdim. Sebäp şeýle sözi zenanyň adamsyna aýdanyny ilkinji ýola eşidýärdim.

– Seň yzyň ýitmesin diýip şeýle netijä gellim. Beýle ýowuz kysmat, kimiň nesibesinden çyksa-da, seň nesibäňden çykmaly däldir.

Üpük mergenem nämä garaşsa-da beýle söze garaşmadyk borly. Ol uzak wagtlap gürlemän oturdy. Soňam men oň şeýle sözleri sakynjyrap aýdanyny eşitdim.

– Seň bu aýdýan sözüň ynamyny ýitireniňkimi ýa…

Göwher gelnejem howatyrly gürledi.

– Men gaýyn borun-da gezibererin…

Soň men näçe diňşirgensemem Üpük mergeniň sesini eşitmedim. Bu söz oýlandyryjydy, şonuň ýalam ýowuzdy. Kim bilýä, geljek gelniň nä hörpden gopjagyny. Zenan gabanjaňlygy diýibem bir zat bar-a. Gabansa Göwher gelnejem gabanmaly. Gabanjaň bolsa ol bi teklibi orta atmazdy… Kim bilýä, öz-ä kyn-ow. Belki aşyk alçy gopar. Belki-de…

***

Şol günden başlap Göwher gelnejemiň durmuşynda asla garaşylmaýan üýtgeşik wakalar ýüze çykyp başlady. Üpük mergen razylygy beren borly. Ol ilki obanyň ulygyzlaryny saýhallap ugrady. Ahyram Tejenaýagyndan täzeräk göçüp gelen Ogullada gözi eglendi. Täze göçüp gelenem bolsa, Ogulla obamyz bilen bahym öwrenişdi. Onuň öwrenişmeginiň ilkinji sebäbi gyzyň owadanlygynyň üstüne alçaklygy bolly. Ol hemişe hoş habary buşlajak bolýan ýaly gaşlaryny gerip gezerdi. Obamyzam ilkinji ýola owadanlygy görýän ýaly oňa durup seredýärdi. Hat-da Kümüşguýrugam özünden owadan görüp, uzak wagtlap oňa serederdi. Ýeri, garry köpek Baltaga näme diýjek! O-da Ogullany görse menden öýkelän ýaly oňa tarap ýönelerdi.

Soň Göwher gelnejem ýörite Polpy ussanyň ýanyna gatnap öý – örük öý ýasatdy. Örük öýüň şatärimini köpçagaly aýallara daňdyrýarlar. Göwher gelnejemiň täze öýüniň şatärimini on dört çagany dünýä beren, ýöne on dördüsem gyzjagaz bolansoň Anna ýöwseliň entegem aýalyndan – Gyzsoňy ýeňňe daňdy.

Şeýdibem ömrüňe goşasyň gelýän günleriň başy başlandy. Dünýä hezildi, oň içinde Üpük mergeniň, Göwher gelnejemiň, täze gelen Ogullanyň barlygy hasam hezilleşdirýärdi. Ogullada gelinlik gaty gowy gelişdi. Gyzyl kürtedir ýaşyl ýaşmak onuň öňki owadan sypatyna hasam owadanlyk onda-da, hiç kimiňkä meňzemeýän gumly gelninleriň owadanlygy bardy.

Biz şeýdip ýaşap başladyk. Obamyz indi garagalpaklyja oglanjygyň dünýäniň gyrasyndan gelmegine garaşýardy. Ýöne näme üçindir Ogulla “Ony  iýesim gelýä- muny iýesim gelýä” diýiberenokdy. Oňa derek Göwher gelnejem çagany dünýä berjek Ogulla-da bolsa, burgusyny özi çekýän ýaly bolup ýaşaýardy. Göwher gelnejem Ogulla agyr işleri etdirmeýärdi. Hatda guýydan suw almaga-da özi gidýärdi.  Ogulla muňa utanýardy. Tersine Göwher gelnejem bosa, lezzetli agyryny başyndan geçirýän ýaly, süýjülik bilen gernip, gaşlaryny gerýärdi.

Şeýdip tegelek bir ýyl geçip gitdi. Pişme bosa henizem bişirilenokdy. Obamyz bolsa, müýnli görnüşde, özleri günäkär ýaly Üpük mergeniň ýüzüne ogryn seredýärdiler. Üpük mergenem ony aňyp, aw bahanasy bilen köplenç meýdanda gezýärdi. Bi hasam erbedidi. Adamlaryň bolsa, barha hyşy-wuşysy artýardy. O sözleri menem eşidýärdim.

  • Ol entek ellinem tegelänok…
  • Allajanlarym garrap ýörmükä…
  • Bolmasa Jüýten kempire sala salmaly…

Jüýten kempir mähetdel etmän jogabyny nagt etdi. Ýöne ol ony diňe Göwher gelnejemiň gulagyna aýtdy.

–  Sen gelini diňle, mergen yzyna seredende boýnuny burup seredýärmi ýa göwresini öwrüp seredýärmi?

Şol günden başlap Göwher gelnejem aňtowçy tazy ýaly assyrynlyk bilen Jüýten kempiriň aýdan zadyny ysyrganyp başlady. Ýöne bar zat töredüzlük bolup çykdy. Ýene şatlykly günler umyt bilen geçip başlady.

Indi Göwher gelnejem geçip barýarka sallançagyň patdyllysyny eşitse, özünden biygtyýar durup tä bagtly ene hüwdüsini kesýänça ony diňleýärdi. Hemem şol sallançak üwrelýän öýe ene hamraklygy bilen gözi ýadaýança seredýärdi. Soňam ene umydy bilen ýadaw dünýäniň ýüzüne seredýärdi.

Ogullanyň ýagdaýam ondan gowy däldi. Olam zenan üçin ene bolmakdan ýokary bagtyň ýokdugyna düşünip, özünden beter Göwher gelnejeme gynanýardy. Olar şeýdişip biri-birine duýgudaşlyk edip ýaşap ýördüler. Obamyzam Ogullanyň agzynyň bimaza bolaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ýöne Ogulla-da güýz ternesini iýesim gelýä diýiberenokdy.

Şeýle günleriň birinde Ogulla-da däl-de, Göwher gelnejemde bir üýtgeşiklik duýlup başlandy. Ol indi öýi yssy göräýärdi, daşarynam sowuk. Özem birsyhly “Gowrulan kädi çigidiniň ysy ýüregime düşýä, şonuň ysyny alasym gelýä” diýmäni çykardy. Men onuň näme üçin beýle diýýänini bilýän. Gülsün eje “Gowrulan kädi çigidiniň ysy çagajygyň süýr depesinden gelýän ysyna meňzeş” diýerdi. Men muny hiç kime aýtmasamam, özüm, öz ýanymdan begenip gezýädim.

Obamyz muňa haýranlar galýardy. Sebäp uly il şo sözi Ogulladan garaşýardy. Emma tersine bolup çykdy.

O habar gulagyna ýeten badyna Jüýten kempir şeý diýdi.

– Bu pahnany aýyrmaga pahna kömek etdi diýleni bolly… Bir çilesi açylyp gitse soň yzy düzelişer…

Jüýten tebibiň diýeni bolly. Şol ýyl ýazyň soňallysynda Göwher gelnejemiň garagalpaklyja ogly bolly. Adyna-da Ýerbendiň ölmez-ýitmez adynyň hatyrasyna Ýaýla dakdyldy. Obamyz üçin şol gün, dünýä döräp dogup gelýän günleriň iň ganymady ýaly bolup göründi. Sebäp bu hemmelere begençlidi. Şol gün sähralaram hyruçdan doly zenan kalby ýaly, şonuň ýalam gyz nazary ýaly ýumşakdy. Bar zat begenç duýgusy bilen söýgüni ýatladýardy. Sähralaryň ýowuz haýwanlaram özleriniň sowuk hinlerinden çykyp söýgi näzi bilen biri-birlerine seredişýärdiler. Şeýle owadan görnüşe zeper ýetirmejek bolýan ýaly sähra otlaram sörtük şemal bilen ýuwaşja pyşyrdaşýardy. Hat-da Ýerbendiň gamly ýellerem şol gün bar zady söýgi bilen sypalaýardy.

Şol ajaýyp gün şu wagtam meniň ýadymda. Men sähralaryň ýöremesi kyn bolan, ýöne erkin ýodasy bilen gidip barýardym. Ýol uzyndy, ýöne ertirki günüň ýatlamalarynyň ondanam uzyn boljagy hakynda pikir ýüwürdýärdim. Şo pikirimem ýene Ýerbent sährasynda kän-kän ýyllar ýaşasyňy getirýärdi.

Gyşyň başynda Ogullanyňam bäbejigi – gyzjagazy bolly. Oň adyna Üpük mergeniň enesiniň adyny – Nonat goýdular. Şeýdip Ýerbendiň ajaýyp Gününiň astynda ýene bir üýtgeşik syr peýda bolly…

                                                                                         Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri