Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo ejesine doglan gününde awtoulag söwgat berdi.
38 ýaşyndaky hüjümçi geçen dynç günleri Madeýra adasy bardy, ol ýerde ejesi ýaşaýar we oňa “Porsche” kysymly ýeňil awtoulagyny sowgat etdi.
2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ronaldonyň ejesi Doloreş Aweýra 69 ýaşady.
Ronaldo geçen ýylyň dowamynda Saud Arabystanynyň çempionatynda 18 duşuşykda 20 gol geçirdi. Ol hem Portugaliýanyň milli ýygyndysy we öz toparynda oýnan duşuşyklarynda jemi 54 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçy boldy.
Bu ugurda ol 52 gol geçiren Kilian Mbappe we Garri Keýnden öňe saýlandy.
