BIZNES

Amerikaly kompaniýalar Türkmenistanda 3,3 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirýär

ABŞ-nyň kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýumlary 3,3 milliard dollara barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistan-ABŞ işewürler forumynda belläp geçdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Häzirki wagtda Türkmenistanda amerikaly kompaniýalaryň gatnaşmagynda umumy bahasy 3,3 milliard dollara barabar bolan 180 taslama hasaba alyndy. Olaryň arasynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere” we beýleki bar” – diýip wise-premýer belledi. 

Wise-premýer iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Türkmenistan ABŞ-a nebitgaz we himiýa senagaty toplumlaryna degişli harytlar eksport edilýär. Türkmenistan öz gezeginde enjamlar, metal önümleri, ulag serişdelerini we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alýar.

Related posts

“Amazon” 18 müň işgärini işden çykarýar

Amul-Hazar 2018 rallisi start aldı

vepa

Türkmenistan, Hemtextile 2020 Tekstil Fuarı’na katıldı

vepa