MEDENIÝET

ÝB-niň wekilhanasy Mary şäherinde konsert gurnaýar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň ýaşaýjylaryny 3-nji dekabrda sagat 17:00-da Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda geçiriljek Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky sungat mekdebiniň çagalaryň hor toparynyň konsertine gatnaşmaga çagyrýar.

Konsert Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanýar we Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilýär. Şeýle hem, konserte latwiýaly ýörite myhman, hor ussady Wita Timermane we Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet orkestri gatnaşarlar.

Konserte taýýarlyklar eýýäm başlandy we kiçijik artistlerimiz siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar!

Senesi we wagty: 3-nji dekabr, sagat 17:00

Geçiriljek ýeri: Mary şäheri, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatry.

Giriş tölegsiz.

Hemmäňize görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!

Ýene-de okaň

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri