Hekaýa.
Indi biziň obamyzda-da, seniň o diýşiň ýaly owadan göreşýän pälwan ýok. Dogry, iki-ýeke bil tutýanlar ýogam däl. Ýöne bir döwürlerdäki Gysyremeniň göreş tutuşy bilen deňeşdireniňde, häzirki bil tutuşýanlar häki bir pozzam oýnaýan ýaly bir zat.
Gysyremen heniz oglanka göreş tutanda-da, ardana mal ýaly, ejesini tä ýedi ýaşaýança emdi. Soň sesi ýognap, murty tabanda-da ol hamana, ejesinden pata alýan ýaly, göreşe çykmazyndan ozal, perzendi üçin hemişe emen süýdüniň ysy gelip duran ýaly bolýan, ene gursagynyň ýakymly ysyny ysgap çykardy. Onuň näme üçin beýle edýändigine ejesinden başga hiç kim düşünmezdi. Ejesi bolsa ol syry pugtadan-pugta edip aýawly saklaýardy. Şeýdip ol, entek murtuna päki degirmedigem bolsa, gum içinde hiç kime dyzyny epdirmän gezdi.
Ýörände birneme aýagy gowkurak görünýär diýäýmeseň, Gysyremen edil guýlan kenek ýaly ykjam. Dogry, burnunyň deşikleri weli birneme giňäpdir. Ýöne oňa garamazdan, näme üçindir, gözleri gamgyn. Onuň aýaklarynyň gowkulygyny Üpük goja ata kän münýänliginden görýär. Ýöne şol aýaklar çilşirmäni salandan soň, sypjak bolup miltem etmeli däl. Edil aranyň bardyr, ýa-ha bialaç dyzyňy epersiň, ýa-da guşagyňy taşlap ümdüzine gaçarsyň. Soňam uçugy alnan adam ýaly, göreş agzalan ýerde, kibtiň gysylýanyny özüňem bilmersiň.
Henize çenli gerşini ýere degirmedik pälwanyň, öz obamyzyň adamsydygyna men begenýärdim. Şonuň üçin ýeke obamyzda däl, goňşy obalarda-da, setanda-seýranda bolýan toýlara sabyr-takatsyz garaşýardym. Hemişe bir meňzeş, tukat güni bilen, halys peteňi-bizaryňy çykarýan gum durmuşynyň ýeke-täk höziri toýlarda tutulýan göreşdi. Şonuň üçin entek bekewülleriň göreşe çagyrýan çasly sesleri eşidilmese-de, hemmelerden öňürti göreş tutulmana peýlenen ýere howlugýardym. Hemem haýsy obadan, haýsy pälwanyň gelenini göresim gelýärdi. Niçikmi del-dül pälwan gözüme iläýse-de, onuň Gysyremenden ýykyljagyny ýa ýykylmajagyny çaklardym.
Şol gezekki gören pälwanymdan, Gysyremen gorkmadygam bolsa, men gorkdum. Ol bi jelegaýlarda görlen adama meňzemeýärdi. Göreş gutaryp, dagaljak bolup durka, ol özüniň kelte aýakly, ýöne öte güýçlüdigi mese-mälim bildirip duran pessejik atyny münüp geldi.
Göreşden gijä galanyna gahary gelýärmi ýa onuň asyl bolşy şeýlemi, ol edil ýamanalgyly ýaly gaharjaň görünýärdi. Meniň gözümiň ilki eglenen zady, onuň eýmenç bolup görünýän giň agzydyr agyr elleri boldy. Şo eller göreş tutman odun ýygaýsa, obamyzy arkaýyn gyşdan çykarjakdy.
Ol atyndan syrylyp düşüşine, eşiklerini ýeňletmän, ortada duran guşagy biline daňyp, hiç hili gypynçsyz, hemle bilen şeýle sözleri aýtdy.
– Kim özüni Ärmämmet saýsa, meň bilen göreşsin!
Bi gös-görtele äsgermezçilikli haýbatdy. Adamlar nämä garaşsalaram beýle söze garaşmadyk borly. Şonuň üçin hemmeleriň nazary Gysyremende eglendi. Hatda, ýap-ýaňy ondan ýykylyp, namys astynda galan goňşy obanyň ýigitlerem, gaýry pälwandan heder edip, Gysyremene duýgudaşlyk edýärler.
– Berkiräk duraýmasaň, zalywadyň göwres-ä bir çen bar eken…
– Bi pormy adamy emel bilen-ä alyp bolmaz, ýadadybrak alaýmasaň…
– Hany, Allany çagyryp çyk bakaly, bizem Hudaýçyň borus…
Gysyremen mähetdel etmän guşagy biline daňdy. Adamlar göreşe hemişekileri ýaly şowhunly garaman, gorky gatyşykly hormat bilen seredişýärdiler. Myhman pälwanyň küdüň ýaly aýaklary oturanlaryň hasam sussuny basýardy. Ýeňsesindäki gat-gat gasynlar, ony beter göze ilginç edip görkezýärdi.
– Oňarsaň ýanyňa golaýlatmagyn, golaýlas-a alar…
Ol sözi kimiň aýdany äşgär bolmady. Ýöne her kimiň haly sal üstündedi.
Pälwanlar dikleşenden gaýry pälwan myrtar sesi bilen gygyryp, biziň pälwanymyzy dyzyna göterdi. Gaýry pälwan gygyranda geň zat, sen ýeke dälsiň, menem bardyryn diýýän ýaly, onuň mümüp gelen atam hokranyp, gulaklaryny gaýçylandyrdy. Del obada onuň ýeke-täk hossary atydy. Belki, şonuň üçindir, atynyň oňa hossar çykýanlygy. Halal mal şeýle hem bolmaly.
Atynyň gozgalaň tapmagy onuň güýjüne güýç goşan ýaly etdi. Hana, indi ol Gysyremeni alarladyp barýar. Güýçli, agyr elleriň öňünde durmak aňsat däl borly, biziň pälwanymyz aýaklaryny däbşenekledip bilini gowşatjak bolýar, bolmanda, ýekeje aýagyny ýere degirjek bolup, ardurja kösenýär. Gaýry pälwan bolsa, aşaky dodagyny dişläp, kelte gapyrgany barha berk owýar.
Şeýdip olaryň näçe wagt durany belli däl. Ahyry Gysyremen maýyny çemeläp, garşydaşynyň sag aýagynyň içinden çilşirmäni saldy. Bi onuň ökde emelidi. Ol şol emel bilen men-men diýen pälwanlary tersligine çöwrüp tändiripdi. Eger sähel maý tapdygy, bi pälwanam şeýle etjegi ikuçsuz.
Gaýry pälwan ýadan borly, ol Gysyremeniň bilini gowşadyp aşak goýberdi. Şojagaz pursadam ýeterlik boldy. Ol ýere aýagy degenden gaýry pälwany arkan serpdi. Bi iň şowly emel – eşegöldür emeldi. Şowuna düşende garşydaşyň çüwdesi ýere degýärdi.
Serpmeden gaýdan pälwan hasanaklap, ýene göreş tutarman boldy. Teni birneme gatan Gysyremeniň indi durşy arkaýyndy. Şonuň üçin ol, ikinji ýola-da kän eglenmän, basym bellisini etdi. Myhmanyň göwni galmasyn diýlip, üçünji ýola ýene salyndy. Ýöne olam pys geçdi.
Soň mähelle dagady. Ýöne myhman pälwan, ýykylan ýerinden galman kän oturdy.
Namys edýändir. Şoňky ýaly göwräm bolup ýykylsam… bu namys etdirjek zat-da… Men ol utulanyny bilip öz iline gaýdar öýtdüm. Ýöne ol gitmän, obamyzyň gyrasynda indi öňräkden bäri ýeke özi ýaşaýan Jüýten kempiriňkide düşledi.
Jüýten garry hakynda obamyzda gürrüň kän. Oňa bar zatdan – islese suwam tersine akdyryp bilýän, çyn bir ýeksuryn garry diýýärler. Men ondan gijesin-ä däl, gündizem gorkýärdym.
Basym gaýry pälwanyň goňşy gyrlarda ýaşaýandygy, güýjüne bäs gelmän gum içine aralaşandygy, indem obasyna dolanmaga namys edýändigi aýan boldy. Şeýdip ol gumuň otuna-suwuna kaýyl bolup, biziň bilen galyberdi.
Sähra nämedir bir zada garaşýan ýaly dymýardy. Saralan otlardan hasratly, jansyz ys gelýärdi. Ho-ol aňyrda, depeleriň üstünde çalaja yşyklanyp çopan otlary görünýärdi.
Indi men her gün gaýry pälwanyň beýik alaňlaryň üstüne çykyp, uzaklyklara seredýändigini görýärin. Uzaklyklaryň bary bir meňzeş. Şolaryň aňyrsynda hemme kişiniň, edil biziň obamyz ýaly obasy bar. Obany göresim gelse uzaklara seretmeli. Şonda ýüregiň az-kem ynjalan ýaly bolýar. Gaýry pälwanyňam obasy ýüregine düşýän borly, ol birsyhly uzaklyklara seredýärdi. Şonda men ol obasyny görýändir öýdýärdim.
Ol hemişe atyny suwa ýakmaga gije guýa gelýär. Özem näme üçindir, ony münmän idip gelýär. At janawar eýesi bilen köp ýoldaş bolan borly, ol diýseň rakyp. Eýesiniň sözüne däl, ümüne düşünýär. Belki, şonuň üçindir, hormat edip, ony diňe gerek wagty münýänligi.
Maňa bi düşbi atyň ýaraýan ýeri, onuň nowa eňegini batyrýan pursadydy. Ol her gezek suw içip bolup, nowadan kellesini galdyranda agzynyň töweregindäki damjalar Aýyň ýagtysyna düre öwrülen ýaly bolýar. Bu görnüşi synlamak diýseň ýakymlydy. Ýokarda, meniň ýalňyz bolşum ýaly, altyn Aý ony görýär, aşakda-da meniň oglan kalbym.
Bir gezek ol ýene atyny suwa ýakmaga guýa geldi. Atyň sagrysyndan gön gatyşykly deriň ysy gelýärdi. Ol ys maňa öňräkden bäri tanyşdy. Şonuň üçin men ony öýümiziň ysy ýaly eziz görýärdim. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, gaýry pälwan bi tanyş ysy esli salym temegine dartdy. Soň ol ýene, tä demi gutarýança, burnuny göge tutup ysyrgandy. Soň ýene-de… Onuň şol mährem ysy – gör, nirelerde galan öýüniň ysyny almak üçin, atynyň sagrysyny ysgaýanlygy, näme üçindir, nebsimi agyrtdy.
Şeýdip, ertirden soň birigün, birigünden soň ýene gyssanmaç soňky gün gelip, günler geçip durdy. Ýöne, näme üçindir, haýal geçýärdi.
Men indi her gün gaýry pälwanyň doňdurylan heýkel ýaly uzaklyklara – obasyna seredýänini görýärdim.
Men indi her gün onuň atynyň sagrysyndan göterilýän mährem ysy – ojagynyň ysyny demine dartýanyny görýärdim.
Men indi her gün, gaýry pälwanyň namysdan ýaňa ejir çekip, hasratly ýaşaýyşda ýaşaýanyny görýärdim.
Şeýle günleriň birinde, Jüýten kempire ötlämi tutdurmaga baramda, onuň şol ýeksurun garry bilen, nämedir bir gizlin zadyň hyşy-wyşysyny edýändikleriniň şaýady boldum.
Arka aýlanan şemal, sähralardan agyr durmuşa çydaman nalaýan möjegiň uwwuldysyna çalymdaş sesi getirýärdi. Barha batlanýan şemalyň güýjüne bäs gelip bilmeýän selindir sazak namaza egilýän ýaly birsyhly dikelip galýardy. Asmandan süýşüp gelýän nemli gara bulutlar, öçügsilenip görünýän Aýyň öňüni tutansoň gijelik çopanlaň ýüň çäkmeni bilen örtülen ýaly ymykly garalypdy. Bu görnüş ýüregiňe gorkyny salýardy. Ýöne meniň eşidýän gürrüňlerim has gorkunçdy. Diňlemek ondanam gorkunç…
– Men seniň bil diýen zatlaryň ählijesini bildim – diýip, gaýry pälwan gyssanyp gepleýärdi. – Ol ýedi ýaşaýança enesini emipdir, soňam her gezek göreş tutmazyndan ozal, pata alýan ýaly ejesiniň goltugyny ysgaýan eken.
– Enäniň süýdünde ýedi adamyň güýji bar. Onuň gerşiniň ýere degmeýäni şondan. Sen ony hiç haçanam ýykyp bilmersiň… Onda – enesiniň süýdünde täsin bir güýç bar…
Bi Jüýten kempiriň sesidi.
– Çaýkanyp duran dünýäde, heý, onuň alajy tapylmaýarmy? Diliň geplän zadyny bereýin. Isleseň, dünýäde iň eý görýän atymy – Bozgunany öz elim bilen gazygyňa daňaýyn. Men namys edip ilime baryp bilmän ýörün…
– Alaç tapylar…
– Aýt mama jan!
– Enäniň süýdüni bulaşdyrmaly…
Her nämä garaşsa-da, beýle söze gaýry pälwan garaşmadyk borly, onuň sesi süýgüp çykdy.
– Nädip?
– Ony nika – göz nikasyna ulaşdyrmaly…
Men tisginip gitdim. Göz nikasy hakynda eşidipdim. Hemişeler duýgusy hiç bir närsä üýtgemedik – göz nikasyna ulaşmadyk gyz maşgalany, derdiniň nämedigini bilip bolmaýan näsagyň üstünden üç ýola ätlederdiler. Şonda hassa aýak üstüne galardy. Bi gyzyň dünýäde gaty arassa, bolmalysy ýaly ýaşandygyny aýdýardy. Bu ýörelge inçedenem inçedi. Men ysytma tutýan ýaly süňňümi saklap bilmän gagşaýardym. Öýüň içindäki hümürdi bolsa barha ysgynymy gaçyrýardy.
– Ýüregim agzymdan çykyp barýar, aýtsana çaltrak…
– Aýal hemişe aýaldyr. Onuň ejiz ýeri köp bolýandyr. Sen atyňy mazaly suwsadyp, onuň suw almaga barýan wagtyny peýläp guýa bar. Bagtyňa atyň kişňäýse-hä ne ýagşy. Ýekeje ýola gabagyny galdyrsa ýeterlik. Onsoň süýt bulaşar… Süýt bulaşsa-da, mukaddeslik gider…
Men ötlämi, beýlekimi unudyp, Gysyremenlere eňdim. Barybam onuň ejesine ertirem, birigünem, soňky günem, indi gaýdyp hiç haçan guýa suw almaga barmazlygy özelenipler tabşyrdym. Ýöne boljak zada çäre bolmajak eken. Elbetde, ozalynda şeýle bolmalydyr-da.
Gyrly pälwan gerek wagty guýa bardy. Gysyremeniň ejesem atyň kişňemesine maýyl bolup gabygyny galdyrdy. Ana, şolam ýeterlik boldy.
Ýekeje ýola gabagyňy galdyrmak – dünýe giňem bolsa ýörelgeleri inçe. Biz panynyň inçeden-inçe syrlaryna, mukaddesden mukaddes ýollaryna üns bermän ondan – dünýäden gaty köp zat tamakin bolýan ekenimiz. Ilki onuň – dünýäniň ýazylmadyk buýruklaryna tabyn bolup, onsoň tama etmelidigini bilmeýän ekenik. Kimdir biriniň – halatly bendäniň aramyzdan çykmagy üçin juda seresap ätlemeli ekenik…
Soň ýene obamyzda toý boldy. Gysyremen göwnibir ýaly enesiniň ýanyna baryp, öňki endigine eýerip, göreşe hyýallandy. Ýöne ýaş aýlanmadan ýaňa çygjaran gözleri bilen oglunyň ýere ynamly basýan güýçli aýaklaryna sereden ene, ökünçli hasrat bilen şeýle diýdi:
– Gitme…
Öwezmyrat ÝERBENDI.