Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 16-njy noýabrda 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň milli ýygyndysyny kabul eder.
Bu resmi duşuşyk 16-njy noýabrda sagat 19:00-da paýtagtymyz Aşgabatdaky “Aşgabat” stadionynda geçiriler.
Häzirki wagtda türkmen milli ýygyndysy bu resmi duşuşyga taýýarlyk görýär. Ýygyndynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýygynda 30 töweregi futbolçy çagyryp, olar bilen türgenleşikler geçirýär.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy noýabr aýynda 2 resmi duşuşyk geçirer. 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysyny kabul edýän Türkmenistanyň ýygyndysy soňra 21-nji noýabrda myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen duşuşar.
Şeýle hem “E” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy Eýranyň milli ýygyndysy bilen hem duşuşar.
