JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Respublikasynyň ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýranyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ykdysady döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.

Binýadynda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy we ruhy ýörelgeleri bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bilelikdäki medeni çäreler, hususan-da, Medeniýet günleri, dürli sergiler we beýlekiler döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly itergi berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi