HEKAÝALAR

Dumbadze

                                                                                Hekaýa.

Dumbadzanyň mazaryna zyýarat etmek hakyndaky pikir, öňüräkden bäri meniň ujypsyzja pulumy gaýta – gaýta sanadýar. Ýetermikä…

Bu ýurdy meniň ilkinji görşüm. Tbilisiniň giň aeroportynda ýarym rusça, ýarym gürjüçe degişme ýaňlanýar. Gürjileriň gözleri gamlam bolsa, şadyýan halk. Olaryň durmuşyň agyr hasratyny ýumor arkaly beýan edişleri maňa ýaraýar.

Asmanyň ýüzündäki bulutlar läliksiredilen çaga ýaly, iki – baka guwduraýar. Irimçik sepelenýän damjalar, ýagşyň ýagmajagyny aýdýar.

Bir gyrada esger bilen gyz dur. Esger bir zatlar diýip, barha gyz tarap süýşýär. Gyz gülýär. Hemem birsyhly “ynanamok, ynanamok” diýýän ýaly başyny ýaýkaýar. Golaýjakda Bethoweniň ölmez-ýitmez  “Surkasynyň” päsgelsiz sesi eşidilýär.

Iki sany gürji gyzjagazy bir zatlar diýip öz dillerinde gepleşýär. Men oňa düşünmesemem, gowy zadyň gürrüňini edýändiklerini aňýan.

Köçä çykylýan ýerde kireý edýän sürüjileriň nazary maňa gönükdi. Olar meniň kesekidigimi bada-bat aňyp, gürji şadyýanlygy bilen biri-birine göz gypyşýarlar.

– Bi toprakda iň arzan zat, çäçe bilen adamyň nyrhy. Ýöne biz seniň bilen oňuşarys…

– Men size Kuranyň depesindäki iň beýik arçany görkezeýin.

– Belki siz, Tamar şanyň aýak yzlaryny görersiňiz…

Depe saçy birneme ýukalan, ýöne murty entegem öz öwüşginini ýitirmedik gartaşan gürji, meniň üsti başyma bir laý seredip ýuwaşja gürledi.

– Egniňizdäki soýkaňyz könelipdir, köwşüňizem bireýýam çalyşmaly bolupdyr,  jübiňiz bize tanyş heňi çalýar. Ykbalyň haýsy tüweleýi sizi bu ýere getirdi?

Men gelen ýerimi aýtdym. Gürji bäbenegi halka atyp duran gözlerini süzüp, pikirjeň gürledi.

– Siz Şotany dünýä indirip, ýalňyşmadyk toprakdan näme gözleýäňiz?

– Nodaryň mazaryny görmäge gellim…

Haýran galmadan gürjiniň gözi mölerdi gitdi.

– Ýörite şoň üçin geldiňizmi?

Men başymy atdym. Ol meniň üsti-başymy, ylaýta-da, köwşüme seredip nebsi agyrjylyk bilen kellesini ýaýkady. Men, ol: “Beýdip ýörmän düzüwli köwüş alynsaň gowy bolardy” diýer öýtdüm. Soňam ol öz dilinde, nämedir zerur zadyň jedelini edýän ýaly gürji häsiýeti bilen bir zatlar diýişdirdi.

Olar şeýle bir joşgunly gürleşýärdiler, meniň bar aňşyryp bilen zadym, sesler batlandygyça, ýüzlerde şatlyk alamatynyň çaýylýandygydy. Kimdir biriniň sykylygynda gürji tansyny owazlandyrmagy bilen iki gürji daraklygynyň üstinde tans etmäge başlady. Bu görnüşi synlamak ýakymlydy. Onda-da kesekiniň topragynda. Men gyssanýandygyma garamazdan ony synlasym gelýärdi.

Tansa ýene biri goşluşdy. Onýançada kimdir biriniň sesi eşidildi. Ol ýarym rusça, ýarym gürjüçe gürleýärdi.

– Tbilisiniň ýaşaýjylary eşidýärmisiňiz! Türkmeniň ilinden biziň Nodarmyzyň gubryny görmäge ýörite özümiz ýaly ýönekeý adam zyýarata gelipdir. Ýok, delegasiýa däl, ýeke özi, öz jübisiniň hasabyna. Tamara şanyň aýak yzlaryny özüne siňdiren toprak, öňüräkden bäri beýle şatlygy görmändi – ol gürjilere mahsus bolan andy içdi – Nodaryň sylanmagy, bi gürji topragynyň sylanmagydyr.

– Görüň, biziň Dumbadzämiz nähili, ol dünýeden gidenden soňam, ýene gürji topragyna hormat getirýär. Ol tüýs, barypýatan gürji bolup ýaşady, baryp ýatan gürji bolubam dünýeden gitdi.

Soň gürji şiwesine garylan rus sözleri asmana galdy.

– Men ony mugt alyp gitjek…

– Ýok, men ony alyp giderin…

– Meniň maşynym köne, ýöne ol myhmany Nodaryň mazaryna alyp barar…

Eger başga biri şu ahwalaty maňa aýdan bolsa gaty kynlyk bilen ynanardym, häzir bolsa men gürjileriň milli duýgysynyň çürbaşyna ýetenini öz gözlerim bilen görýärdim.

Biz Giwiniň köneje maşyny bilen gidip barýarys. Giwi öýlerine degip geçmegimizi, köp wagtdan bäri aýalynyň begenjini görmändigini, şeýle myhmany alyp barýandygyny buşlasa, onuň begenjekdigini aýtdy. Şeýle hem aýalynyň haçapuri (Gürjileriň milli tagamy) bişirmekde islendik gürji zenany bilen bäsleşip biljekdigini buýsanç bilen gürrüň berdi.

Men Giwiden Dumbadzanyň eserleriniň hemmesini  okandygyny ýa okamandygyny soradym.Ol gürji häsiýeti bilen ant içdi.

– Miýesser etmedi.

– Özüni görüpmidiňiz?

– Olam miýesser etmedi.

– Onda siz?

– Men onuň gürji bolany üçin oňa guwanýan. Ýurt abrekler (Abrek – halkyň kabul eden milli gahrymany) arkaly tanalýar.Ýekeje gürji alty million gürjini dünýa tanatdy. Eger men şeýle ildeşime buýsanmasam, gürji bolmadygym bolar. Şeýle adam üçin hyzmat etmegi islendik gürji özüne bagt saýar.

Ýolda ol bir ýadygärligiň ýanynda maşynyny saklap çokundy. Soňam, her bir ädimi syra öwrülen toprak hakynda ýene bir täsin gürrüň berdi.

– Bu ýerde ýönekeý oba mugallymy ýatyr. Ol ýaşan bolsa sähel ýaşandyr, ýöne yz galdyrdy. Okuwçysy ýaramaz iş edeni üçin özüni heläkledi.

“Men mugallym bolup, oňa dogry terbiýe berip bilmändirin”. Ol bu gürrüňleri goňşydan kersen getir diýen ýaly hökmünde aýdýardy. Ýöne men dünýede şeýle ýagdaýlaryň, şeýle adamlaryň entek bardygyna guwanýardym. Bir wagtlar ýolda sataşan ýoldaşymyň başyny aşak salyp:

“Arman, gürji bolup dogulmadygyma ökünýarin..” diýeni hakynda-da oýlanýardym.

Meniň kalbymda heniz hiç ýerde okalmadyk hekaýanyň sudury janlanan ýaly boldy. Men şu ýerde özümiň ýazyjy bolup dogulmadygyna ökündim. Eger meniň ýerime Dumbadze bolan bolsa, ol hökman bir gowy zat ýazardy…

Gonamçylygyň başy adamlydy. Golaý bir ýerden buthananyň ullakan jaňynyň sesi eşidilýärdi. Men ýene bir bende dünýeden gidendir öýtdüm. Ýöne ýalňyşan ekenim.

Dumbadzäniň mazarynyň üstine ýaşyrak oglan birsyhly däne sepýärdi. Ol näçe köp sepdigiçe, gum gögerçinine çalymdaş owadan guşlar sada ses bilen guguldaşyp ony çokýardy.

Ol  ap-ak dişlerini görkezip maňa gorky gatyşykly hormat bilen seretdi.

– Nodar guşlaryň sesini gowy görýär, şonuň üçin men her gün ol eşider ýaly guşlary çagyrýaryn.

Ol şeý diýip, ýene bir gysym dänäni sepeledi. Guşlar oňa öwrenişen borly, kimsi onuň egnine, kimsem aýaklarynyň aşagynda gezmeleýärdi.

Men ýetginjege seretdim. Onuň ömür ýadyňda galjak dälişge gözleri bar, çiňňerlen wagty olar hasam gorkunç bolýar.

Onuň ady Soso. Ol ýaşam bolsa, maňlaýyndaky bir topbak ak saçy ony birneme ýaşan ýaly edip görkezýar. Oňa garamazdan onuň ýüzi çaganyňky ýaly. Dodaklary kemşerip dur. Gürlände “eje” diýäýjek ýaly bolýar.

Sosonyň geň ykbaly bar. Ol öň ýeldirgäpdir. Soňam Dumbadzäniň kitaplaryny okap ýagşylaşypdyr. Nodar dünýäden gidensoň ýene onuň ýagdaýy egbarlaşýar. Häzirem onuň akyly ýuka diýdiler.

Meň Sosa nebsim agyrdy.

Ruhany sypat adam gürrüňe goşuldy.

– Kitaplar adamyny agladybam bilýär, güldiribem. Käte olar göni gelen ajalam saklaýarlar.

Gara paltoly, gara şlýapaly adamyň gelmegi bilen hemmeler dymdylar. Ol elinde tutup duran bulgurynyň içindäki suwuklygyň ýarysyny içdi, ýarysynam mazaryň baş ujyna dökdi. Soňam aýtmasyz bir söz aýtmaly boljak ýaly, agyr dymyp şeýle diýdi.

– Men şäheriň meri, Nodar bolsa şäheriň guwanjy… Söýüp ýaşalmak, iň uly tagtdanam beýikdir… Bizde… Adam dünýäden gidenden soň nebsi agyrylýar. Dirikä… Gör, ýene näçe ýyldan şeýle adamy gürji topragy dünýä bererkä…

Ol başga hiç zat geplemän, duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyzam gitdi.

Men iň soňky ýolam Dumbadzanyň mazaryna seretdim. Mazaryň baş ujynda haýsydyr bir guş höwürtge ýasanmak üçin çöp – çalam üýşüripdir. Aýak ujunda, maňa nätanyş bolan topragyň ejizje güli güýz güniniň sowuk şemalynyň garşysyna solmajak bolup çytraşýardy.

Men Sosonyň maňlaýyndaky bir topbak ak saçy, hemem gürji topragynda gören zatlarymy kalbymda pugta saklap onuň bilen hoşlaşdym.

Öten agşam Soso meniň ýene düýşüme girdi. Ol öňküsi ýaly däne sepip guşlary çagyrýar. Bi indi meniň ony ikinji ýolam görşümdi…

Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)