Şu ýylyň 8-9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitinde Gazagystana ýurduň Premýer-ministri Alihan Smailow wekilçilik eder. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministriniň resmi wekili Aýbek Smadiýarow habar berdi.
– 9-njy noýabrda YHG-niň sammiti geçiriler we oňa Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow gatnaşar – diýip, habar beren daşary syýasat edarasynyň resmi wekili sammitde guramanyň çägindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we olaryň geljeginiň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin ykdysady guramadyr. Ol Eýranyň, Pakistanyň hem-de Türkiýäniň arasynda 1977-nji ýylyň 12-nji martynda gol çekilen Izmir şertnamasyna laýyklykda döredilen ösüş üçin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hukuk oruntutarydyr.
1992-nji ýylda bu guramanyň agzalygyna 7 täze döwlet goşuldy. Olar – Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.
